Döwlet synaglaryna taýýarlyk işleri dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşip, döwrüň gazananlary bilen aýakdaş barýar. Gün-günden täze ösüşlere sary gadam basýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giňden ýaýbaňlandyrylan döwlet synaglary hem ýurdumyzyň ähli pudakda güýç-kuwwatynyň özenini düzjek ýaş hünärmenleriň taýýarlygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygyndan nyşandyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem döwlet synaglaryna taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar. Bu bolsa ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň öz okadýan talyplaryny okuw meýilnamalarynyň çäginde ýokary derejede taýýarlandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Her ýyl bolşy ýaly, bu baýry ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlar şu ýyl hem döwlet synaglarynyň üstünlikli tabşyrarlar. Synaglaryň käbiri olaryň hünär ugrunda degişli bolssa, käbiri umumy synaglardyr. Sanlyja günlerden uçurym boljak ýaşlar diplom işlerini hem ýokary derejede taýýarlandygyny subut etdiler. Olar taýýarlan işleri üçin halyplardan ýokary baha aldylar.

Ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrüň talabyny ödemekleri we tehnologiýalar dünýäsine içgin aralaşmaklary ugrunda döwletimizde uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan berilýän ylmyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylmyň-bilimiň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrüň talabyna esaslanýan täze hünärler döredilýär. Bu bolsa ýokary okuw mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň göwün söýen hünärlerine ýykgyn etmeklerine, saýlap alan hünärleri boýunça kämil tejribe toplamaklaryna giňden ýardam berýär.

Biz hem geljekki uçurymlarymyza döwlet synaglarynda we geljeki zähmet ýollarynda üstünlikleri arzuw edýäris! Goý, ýaş inžener-tehnologlaryň kämil bilim almaklaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri rowaçlyklara beslensin, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

 Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy