Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara giňişliginde ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmekdäki gazanýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» -diýen maksatnamalaýyn ýörelgesiniň uly üstünliklere beslenýändigini dabaralandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 16-njy maýda geçen 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» -diýip, yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi, şeýle-de, Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «EcoPorts» güwänamalara mynasyp bolmagy diň soňky günlerdäki mysallarydyr.
Munuň özi, Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak gelejegi nazarlaýan parasatly tagallalary esasynda dünýäde ilkinji bolup ulag diplomatiýasyny öňe süren Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary Jahana dostlugyň we durnukly ösüşiň ýollary bolup uzaýandygynyň beýanydyr.
Ýeri gelende bellesek, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen bu Resminama Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň bütin adamzadyň bagtyýar ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň ählisine toplumlaýyn çemeleşmäniň, uzak geljegiň takyk hasaplamalarynyň mahsusdygy üçin dünýä jemgyýetçiligi bu beýik işleri nusgalyk diýip ykrar edýär.
Mysaly hökmünde aýtsak, «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek üçin 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçen güniniň saýlanyp alynmagynda jahan içre ykrar edilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli amala aşyrýan beýik işlerine dünýäniň çäksiz hormaty bar.
Ýeri gelende bellesek, Arkadagly eýýamymyzda Türkmenistan ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny” atly; 2015-nji 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda “Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” atly; 2017-nji 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly; 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamalarynyň ählisine Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly beýik taglymatlarynyň manysy siňendir.
Garaşsyz Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iňňän jogapkärçilik we başarjaň döredijilik bilen ulanmak bilen gazanan bu nobatdaky üstünligi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbini dikeltmek babatdaky beýik başlangyjyna dünýäniň buýsançly seslenmesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Amyderýanyň üstünden gurlan ulag geçelgeleri, dünýäniň uzak ýurtlaryna uzap gidýän demiň ýollar, dünýä ülňülerine laýyk edilip gurlan halkara howa menzilleri, awtomobil ýollary, Türkmenbaşydaky halkara deňiz porty ýaly ähli ulag-logistika hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini özünde jemleýän desgalar halka daýanyp, halkyň hatyrasyna parahatçylykly ösüşi döretmegiň we gurmagyň kämil mekdebi boldy.
Arkadagly Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu üstünlikleriň täze belentliklere çykarylmagy bolsa köpmilletli agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmetini dabaralandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary bilen 2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda birwagtda açylyp ulanmaga berlen häzirkizaman ýokary mümkinçilikli ýolagçy awtomenzilleri, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bahar paslynyň ilkinji gününde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlara hyzmat etmäge goýberilen 530 sany «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglary, şeýle hem «Toyota Сorolla», «Hyundai Elantra» kysymly täze döwrebap taksi awtoulaglarynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem gelip gowuşmagy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyzda ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmekde gazanylýan üstünlikleriň beýanydyr.
2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat bolsa dünýäde ulag-üstaşyr gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmakda tagallalary birleşdirip üstünlige ýetmegiň aýdyň ýollaryny açdy.
Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar ýylynyň 3 – 4-nji maýynda dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bitewi logistika merkeziniň döretmek, ýük daşamak ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrmak babatdaky başlangyçlarynyň giňden rowaçlanýandygyny dabaralandyrdy.
Şeýle üstünlikler bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we onda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň watanyna we halkyna bolan beýik söýgüsinden gurlan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portynda we Arkadag şäherinde ulag- logistika hyzmatlaryna ylmyň iň soňky gazanan çözgütlerini özünde jemleýän «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin halkara jemgyýetçiliginde nusgalyk taslamalar hökmünde orun almagy ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere halkara jemgyýetçiliginiň berýän mynasyp bahasydyr. Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň 5-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen wagtynda, «ýaşyl port» halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän, ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak üçin ähli çäginde tebigat üçin zyýanly zyňyndylary öndürmeýän tilsimatlar ornaşdyrylan iki ajaýyplyk boýunça, ýagny: «Deňiz derejesinden aşakda ýerleşen iň uly deňiz porty» we «Deňiz derejesinden aşakda ýerleşýän iň uly emeli ada bolup, göçüp-gonýan guşlar üçin örän ähmiýetli we möhüm taslama» diýlip yglan edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitindäki çykyşynda: «Biz öz abraýymyzy, mümkinçiliklerimizi peýdalanyp hem-de köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täsirli usullaryny ulanyp, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini ykrar etmäge, ynanyşmaga uly goşant goşup bileris» -diýen sözleriniň durmuşy tejribesidir.
Jemläp aýdanymyzda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga tarapyndan Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurylmagy bolsa Türkmenistan bilen bu halkara guramanyň ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Ata Watanymyzy üstünlikleriň mekanyna öwrüp, dünýä nusgalyk taglymatlary uly üstünlikler bilen durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň işleri hemişe rowaç, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetrahym ÖWEZOW, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, Tehniki ylymlaryň kandidaty.