
2024-nji ýylyň 2-7-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Diller kafedrasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” esasynda we beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda “Magtymguly sözle herne bileniň..” atly diller hepdeligini geçirildi. Hepdeligiň 1-nji gününde ýagny 2-nji dekabrda hepdeligiň meýilnamasyna laýyklykda Diller kafedrasynyň “Magtymguly sözle herne bileniň..” atly hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Şeýle hem 2-nji dekabrda “Neutrality is a guarantee of happiness and freedom” atly ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryň arasynda iňlis dilinde düzme bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşigiň netijesi boýunça Ulaglar fakultetiniň talyby 1-nji ýyl talyby S. Gurbanow I orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby M. Durdymyradowa II orna, Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň talyplary M. Annameredowa we O. Akamowa III orna mynasyp boldular.Hepdeligiň 2-nji gününde 3-nji dekabrda kafedramyzyň mugallymy G. Annagylyjowa “Hünäri boýunça rus dili” dersinden 3 TH toparyna «Образование степеней имен прилагательных. Нейтральный Туркменистан» atly temadan açyk sapagyny geçirdi.
Diller hepdeliginiň 3-nji gününde 4-nji dekabrda kafedramyzyň mugallymlary B. Arslanowanyň, J. Welhanowanyň gurnamagynda “The wealth of language is the wealth of the country” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu aýdym-sazly bäsleşikde ýokary okuw mekdebimiziň fakultetlerinden ýygnanan alty sany topar iňlis dili boýunça dürli bäsleşiklere, oýunlara gatnaşyp, bäsleşigiň netijesi boýunça Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplar topary I orna, Ulaglar fakultetiniň talyplar topary II orna, Ykdysadyýet we dolandyryş hem-de Mehanika-tehnologik fakultetlarynyň talyplar toparlary III orna mynasyp boldular.