Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary üçin hem, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar. Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz — mugallymlary, terbiýeçileri, şonuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary täze üstünliklere, eziz Watanymyzyň depginli we has-da gülläp ösmegine halal, döredijilikli zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde şu ýyl ýurdumyzda uly çäreler üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi bu babatda möhüm ädim boldy.
Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, ylym we bilim olimpiadalarynda ýeňiji bolan, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyz geljekki ýeňişlere ruhlanýarlar. Şu toý-baýramly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy kalbymyzy has-da buýsançly duýgulara besleýär. Bu kitabyň her bir jümlesinde ýaşlara bolan ynamyň älem ýaly çäksizligi, umman ýaly çuňlugy, asman ýaly belentligi görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny, terbiýe mekdebini görkezýär, jemgyýete wepaly şahsyýet bolup kemala gelmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Bu ajaýyp kitap üçin bagtyýar döwrümiziň baýdak göterijileri bolan ruhubelent ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.
Güdjiýew Hajymuhammet
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby