Dalaşgärlere ak ýol

Şu günler talyp bolmak isleýän ýaşlaryň müňlerçesi ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu möhüm möwsüme Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Buýruga gol çekmegi bilen badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisde bilim işgärleriniň öňünde durýan wajyp çäräniň ýokary derejede geçirilmelidigini, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlaryň kabul edilmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy.  Diýarymyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem bu möwsüm ýokary guramaçylykda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ruhlanan ýokary okuw mekdebimiziň bilim işgärleri dalaşgärleri kabul etmekligiň ilkinji gününden bu jogapkärçilikli işde ýokary işjeňlik görkezdiler. Täze okuw ýylynda täze hünärleriň girizilmegi ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny artdyrýar. Beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, institutymyzyň okuw maksatnamasyna-da täze taýýarlyk ugrunyň girizilmegi hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işi guramaçylykly dowam edýär. Baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem resminamalary kabul ediş topary öz işini mynasyp alyp barýar. Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlarynyň kabul edilýän ýerinde her fakultet boýunça ýörite ýazgylar esasynda ýaşlara gerekli maglumatlar berilýär. Institutyň tejribeli mugallymlary tarapyndan dalaşgärler üçin ýörite okuw maslahatlaryny geçirmek hem ýola goýlupdyr. Bu bolsa dalaşgärleriň geçilenleri gaýtalamak ýa-da özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna anyk jogap almak bilen, giriş synaglaryna taýýarlykly barmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda talyplyga dalaşgärler saýlap alan ugry boýunça tölegli esasda, bakalawr, hünärmen maksatnamalary boýunça resminamalaryny tabşyrýarlar. Ýeri gelende bellesek, şu okuw ýylyndan bu bilim ojagynda täze hünärleriň birbada sekizisi açylýar. Şonda dalaşgärleriň arasyndan saýlanan zehinli ýaşlar bu hünärleriň ilkinji talyplary bolarlar. Olar täze taýýarlygyň ugurlary durmuş işi boýunça bakalawr ugry boýunça maksatnamasy esasynda bilim alarlar.Bu ugurlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ulag we kommunikasiýa pudaklaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge we bilim almaga bolan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek babatda edýän tagallasy ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine talyp bolmagy ýüregine besläp, şu günler resminamalaryny iş toparlaryna tabşyrýan dalaşgärler bilen söhbet bolanyňda-da göz ýetirýärsiň.

Mahlasy, häzirki günlerde ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde-de talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu gün orta mekdebi üstünlikli tamamlan ýokary okuw jaýlarynda okuwlaryny dowam etdirmek üçin zerur bolan resminamalary tabşyrmaga gelen ýüzleri şatlyk, hyjuwdan doly ýaşlary göreniňde, geljekki ösen ykdysadyýetli, medeniýetli dünýä döwletleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň eýelerini görýärsiň we olara guwanýarsyň.

Kuwwatly döwletimiziň ösüşine guwanýan ýaşlaryň joşgunly kalplary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsançdan, alkyşdan doly. Olar rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň bagtly talyby diýen hormatly adyň eýesi bolmaga diýseň howlugýarlar. Biz hem okuwa höwesli, zehinli we hyjuwly ýaşlarymyza giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, bagtyýar döwrümiziň bagtly talyplary bolmaklaryny arzuw edýäris. Arkadagly döwrüniň şeýle bagtyýar ýaşlaryna «Belent maksadyňyz myrat tapsyn!» diýýäris.

 

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA, 

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.