Dalaşgär – 2023: üstünlik hemraň bolsun!

Ylymly-bilimli, hünärli ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy, bilim alyp, durmuşda öz ornuny tapmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler kalbyndaky hünär edinmek maksadyna ýetmek isleýän ýaşlar ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu möhüm çäre şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli resminamalara gol çekmegi bilen badalga aldy.

Şu gün 17-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaşgärlik edýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek örän jogapkärli we guramaçylykly ýagdaýda badalga aldy. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek barada ýörite iş toparynyň döredilendigini, ýaşlaryň iş kagyzlarynyň kabul edilýän ýerinde her hünär boýunça ýörite ýazgylar esasynda olara gerekli maglumatlaryň berilýändigini, bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyny görmek has ýakymly bolýar.

Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda  ýaşlar tölegli esasda  täze açylan ugur, ýagny bakalawr maksatnamasy boýunça

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy). 2. Ýerüsti ulaglaryň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler). 3. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy). 4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk). 5. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ulag pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistika) 6. Aeronawigasiýa we awiasiýa hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak (taýýarlygyň ugurlary: howa hereketiniň dolandyrylyşy; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).tölegli okuwlara ýaşlaryň ençemesi kabul ediler. Şonuň ýaly-da, giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlar bakalawr  maksatnamasy esasynda bilim alarlar.

Dalaşgärleriň aglabasynyň Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary, Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketakosmiki tehnikalaryny ulanmak, Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary ýaly ugurlara resminamalaryny tabşyryp, bu babatda ýokary bilim almagy maksat edinýändiklerini aýtmak has-da ýakymlydyr. Taýýarlygyň aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.


Dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi barha ýaýbaňlanýar. Resminamalaryny tabşyrýanlaryň arasynda saýlap alan ugrundan iş tejribesi bolanlar-da, Watan öňündäki gulluk borjuny abraý bilen berjaý edip gelenler-de, orta mekdepleri ýaňy tamamlanlar-da bar. Bagtyýar ýaşlar kalbynda hünär edinmek arzuwyna ýetmek üçin tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler.

Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hem talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ykballaryny  ulag we kommunikasiýa pudagyna  baglajak ýaşlarymyza bolsa giriş synaglaryndan üstünlikli geçen talyp diýen ada mynasyp bolmak bagty nesip etsin. Zehinli ýaşlaryň arzuwlary hasyl bolsun!


 

Ogulbaýram HATJYÝEWA, 

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.