2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” esasynda we beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda iňlis dilinde Brain ring – zehin bäsleşigini geçirdiler. Bu bäsleşige aşakda görkezilen tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 5 sany talyplardan düzülen toparlar gatnaşdy.
- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti;
- Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti;
- S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti;
- Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty;
- Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty.
Netijede, bäsleşigiň ähli şertleri boýunça ýokary görkeziji görkezen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary ýeňiji topar diýip yglan edildi.
Jeren Badyrowa Diller kafedrasynyň mugallymy