BIZ TÄZE EÝÝAMYŇ YLYMDAN SERPAÝLY, BAGTDAN PAÝLY ÝAŞLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz – ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz – ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär.

 Eziz Watanymyz beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar, barha özgerýär. Diýarymyzyň sebitlerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeni-durmuş maksatly iri taslamalar, gurulýan döwrebap desgalar milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, obalarymyzyň, şäherçelerimiziň we şäherlerimiziň özgermegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle taryhy ösüş-özgertmeler döwrümize we durmuşymyza buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Arkadagly Serdarymyzyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi türkmen ýaşlary üçin buýsandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kanuny geljekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmeginde, olaryň bähbitlerini, hukuk-azatlyklaryny goramakda we bulary iş ýüzünde amala aşyrmakda örän ähmiýetli hukuk resminamasy bolar. Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzda döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp mundan beýläk hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekerler. Ylym-bilim, sport, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşarlar.

Watanymyzyň bu günki ýeten derejesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren tükeniksiz bagtydyr, eçilen miwesidir. Biz ýaşlar — Garaşsyzlygymyzyň bize eçilýän miwesiniň gadyryny bilip, öz saýlap alan hünärimiz boýunça bilim alyp, Garaşsyz Watanymyzyň adyny dünýä ýaýmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýoly, halkymyzyň ýeten bimöçber bagty dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edilýär.

Ýaşlygyň bar ýerinde, güýç-kuwwat bar, hyjuw bar. Uly hyjuwyň, joşgunly dünýäň eýesi bolan ýaşlaryň jemlenen ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlyk, şatlyk höküm sürýär. Uly ruhubelentlik bilen geçen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem ýaşlaryň öz öňlerinde goýan aýdyň wezipelerine düşünmäge, anyk maksatlaryna tarap ymtylmaga, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga uly höwes, çäksiz söýgi döretdi. Bu gün buýsançly, kalby joşgunly bagtyýar ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynamyndan ruhlanyp, döredýärler, gurýarlar, bagtly döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly — turuwbaşdan ýaşlara bildirilýän beýik ynamyň, aýdyň maksatlaryň ýyly. Bu ýylda ylym-bilim öwrenip, belli bir hünäriň eýesi bolmak, öz yhlasyň, ukyp-başarnygyň bilen döwletimiziň beýik ösüşlerine goşant goşmak — bagtdan paýly ýaşlaryň borjy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar syýasatynyň barha rowaçlanýandygy, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, gurmagy, döretmegi, hemme taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda guwandyryjy işlerň alnyp barylmagy ýaşlaryň watançylyk ruhuny belende göterýär. Bu hakykat häzirki günlerde institutymyzda giň gerimde geçirilýän çärelerde buýsançly beýanyny tapýar. Şeýle baky bagtyýarlyk üçin biz—ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz bimöçberdir.

Mekan HAÝYTGULYÝEW, 

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň  Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.