BILIMLI ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ GELJEGI

       Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara uly ynam bildirilip, her bir işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga, bilimlerini we zehinlerini aýdyň beýan etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.

Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly­ – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar hakyndaky şeýle aladalaryň olaryň çagalyk döwründen başlanýandygyny, bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýşyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny yzygiderli berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.

Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky işleri döwrebap ýerine ýetirmek üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär, bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen okuw mekdeplerinde ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna niýetlenilip, iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişi dünýä hil derejesine çykarylýar. Biz — talyp ýaşlar hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýarys. Özümiz hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap edip, oňat bahalar bilen okamak, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolmak üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, okamaklary, işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Giň dünýägaraýyşly, ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler bizi örän begendirýär. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hemişe alkyş aýdýarys.


Ýusupbaý MATÝAKUBOW,

Institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.