Bilimli, Buýsançly ýaşlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak,dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”, Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp terbiýe almagy üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden ugur alyp ýaş talyplaryň saýlap alan ugurlary boýunça ökde hünärmen bolmaklygyny gazanmak sapakda, öwrenilen nazary bilimlerini tejribe sapaklary bilen hasam berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we Ulag kommunikasiýalary institutynyň Türkmenbaşy şäherindäki  “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasyna degişli

1. Gämi sürmeklik.

2. Gämileriň energetik desgalarynyň ulanylyşy.

3. Gämi gurluşygy.

4. Portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy hünärleriniň 3-4-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň: “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämi abatlamak we gurmak işleriniň inženerçilik aýratynlyklary bilen tanyşmak maksatly meýilnamasy boýunça göçme önümçilik okuw sapaklaryny halypa mugallymlary bilen bilelikde geçirdiler. Sapagyň dowamynda zawotda alynyp barylýan işler bilen ýakyndan, yzygiderli tanyşmak üçin agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň täsirli maslahatlaryny diňlediler we  zawodda dolandyryşyň ýokary hil derjeli üpjün edilmegi, alnyp baryljak ähli işler ýokary howpsuzlyk we daşky gurşaw talaplaryna laýyk getirilşi we deňiz infrastrukturasyny kämilleşdirmäge we deňiz gatnawlaryny artdyrmaga ýardam etmeklik barada “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň talyplaryny tanyşdyryldy. Önümçilik okuw sapagyna gatnaşýan talyplar bilen hünärmenleriň arasynda sorag-jogap alyşmaklygy, işiň dowam edip duran puratynda hem geçirildi we sapak uzak gün dowam etdi. “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody we Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding” (KSIT) kompaniýasy ýük göterijiligi 6100 tonna bolan 2 sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak boýunça geçirilýän işlerine ýaş talyplar hem gatnaşdylar. Gämileri gurmakda we dolandyrmakda köp mukdarda gymmat bahaly serişdeler we çig mallar, ösen tehnologiýalary ulanylýar. Talyplar önümçilik okuw sapaklarynda iş ýerlerinde şol tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlarmyz hem hünärmenler bilen bir hatarda işlediler. Şeýle ajaýyp zamanamyzda gurnalýan her bir göçme sapaklar talyp ýaşlarda buýsançly täsirini galdyrýar we öz saýlap alan ugurlaryna hasda höwes döredýär.

Türkmen halkyny baky bagta ýetirip, bagtyýarlykda  ýaşadýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary 

institutynyň “Suw ulagynyň ulanylyşy”

 kafedrasynyň mugallymy Ý. Myratgylyjow.