BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli täze okuw ýylynyň başlanýandygyny aňladýan ilkinji jaň kakmak dabarasyna bagyşlandy. Dabarada ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzda ylym-bilim pudagynyň, ulag we kommunikasiýa ulgamynyň ösüşi hakynda çykyş etdiler. Olaryň beýan eden ýürek buýsançlary zehinli talyp ýaşlaryň we halypa aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlary bilen sazlaşdy.

Dabarany institutyň rektory, Muhammetrahym Öwezow gutlag sözi bilen açyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada gysgaça durup geçdi.

Dabara Türkmenistanyň döwlet senasy bilen başlanyp,ýokary okuw mekdebimizde dabaraly nyzam geçirilip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim ulgamynyň işgärlerine we talyp ýaşlara baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagyny Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Saparmyrat Owganow okady. Hormatly Prezidentimiziň ýollan gutlagy talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ählisiniň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň halypa mugallymy, Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Jumagylyç Mämmedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda  islendik döwletiň ertiri onuň şu günki ýetişdirýän nesillerine bagly. Diýmek, nurana ertiriň aladasyny şu günden etmeli. Bu hemişelik hem süýji alada her bir maşgaladan başlap, her bir döwletiň dowamatyny kesgitleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty örän oýlanyşykly ýöredilip, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda nurana geljegimizi ýetişdirmek işine iňňän uly üns berilýär diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby hoşallyk sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Döwlet baýdagymyzyň bagtyýar nurunyň astynda ylym-bilim alýan ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory  Muhammetrahym Öwezow 1-nji ýyl talyplara Simwoliki Bilim açaryny we Talyp şahadatnamasyny dabaraly gowşurdy. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilen ýaşlara institutynyň simwoliki açarynyň hem-de talyplyk şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli edebi-sazly çykyşlary, okan buýsançly goşgulary baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy.

Baş meýdançada nyzama düzülen 1-nji ýyl talyplary eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýtdylar.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebinde däp bolup gelýän ilkinji jaň kakmak dabarasy boldy. Bu kakylan jaň bagtyýar talyplaryň kalbynda şowlulygyň hem-de bagtyýarlygyň sesi bolup ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Çärä agzybirlik bilen gatnaşan professor-mugallymlar we talyplar berkarar Diýarymyzyň özbaşdaklygynyň baş nyşanlarynyň biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl Tugumyza tagzym etdiler.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary institutyň baş binasynda guralan muzeýi hem-de okuw binalary bilen tanyşdylar.

Bu ajaýyp waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar  ýylynyň toýly günleriniň dowamy bolar.Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlarda eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere, ýeňişli üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde 2023—2024-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan ilkinji okuw sapagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen at bilen geçirildi.

Soňra bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy. «Ilkinji jaň» dabarasy kalplary heýjana salýan şowhunly aýdymdyr sazlary, goşgudyr gazallary bilen 1-nji ýyl talyplarynyň kalbynda müdimilik orun aldy. Dabaranyň dowamynda edilen göwünleri ganatlandyryjy çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň buýsanç, guwanç duýgulary belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine barýan eziz Watanymyzda nurana baýramymyz — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly üstünliklere beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda täze okuw ýyly başlandy. Bilim işgärlerini, talyp ýaşlary 2023-2024-nji, täze okuw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Asylly hem jogapkärli işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Ýazga geçirenler Oguljan AÝNAZAROWA,

 Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň müdiri.

 Amanmyrat SÄHETMYRADOW,

Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.

 

SURATDA: institutyň edara binasynyň öňündäki meýdançada bolan dabaradan pursat.