HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR
BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň
täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy.
Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent
maksatlary goýduk.
Türkmen halky — ähli döwürlerde bilime we bilimli bolmaga uly ähmiýet beren halk. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr sakynar», «Işiň ussasy — okamak», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» ýaly nakyllar we atalar sözi bilime diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň şu gününi hem geljegini kesgitleýän gymmatlyk hökmünde garaýandygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary ösüşlere eýe boldy. Maglumatlaryň ýokary depginler bilen köpelýän, innowasion tehnologiýalaryň adamlaryň durmuşyna ýokary tizlik bilen aralaşýan döwründe bilim ulgamyna täze usullar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim, syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan gazanan ägirt uly ösüşleri we özgerişleri bu gün bütin dünýä ýaň salýar. Islendik döwletiň ýokary derejede ösmegi şol ýurduň bilim, ylym, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň kämilleşdirilişi bilen baglanyşdyrylýar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we täze ösüşler gönüden göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, bilim özgertmeleriniň hukuk binýady berkidildi. Kämil Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň ykdysady, medeni, durmuş ugurlaryndaky ynamly ösüşlerini we ygtybarly öňe gitmegini kepillendirýär. Bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Ýurtda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, başarjaň şahsyýetleri we işine ussat hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryndaky özgertmeleri netijesinde, mugallymçylyk iş tejribesine kompýuter tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary işjeň ornaşdyryldy. Internetiň global ulgamynyň, maglumatlar serişdeleriniň elýeterliligi giňeldildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap düzülen okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw kitaplary hemde okuw-usuly gollanmalary taýýarlanyldy. Ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek mekdebe gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat berýär. Şeýle döwrebap kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp çözgütleri döwletimizi, häzirki zaman türkmen jemgyýetini syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan has-da sazlaşykly ösdürmegiň, bagtyýar nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermegiň düýpli ylmy esaslaryny goýdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, uly ösüşler we özgerişler bilen öňe barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we irginsiz aladalary bilen, halkymyz eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasyna, gujur-gaýratyna, ynsanperwer ýörelgelerine uly hormat we sarpa goýýar. Beýik taglymatlara beslenen bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkyna peşgeş eden bagtyýar döwrüdir. Bu döwrüň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesillerden-nesillere dowam etdirmekde bilim işgärlerine uly ynam bildirilýär. Bu beýik işleriň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek, halk arasynda wagyz etmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Goý, tutuş dünýäde mukaddes Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine, ýörelgelerine eýerip, türkmen halkyny bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy
kafedrasynyň müdiri.