Ösüşiň esasy hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň möhüm merkezine öwrülýär. Muňa talyplardyr ýaş alymlaryň ylmy işleriniň we innowasion işläp taýýarlamalarynyň ýokary netijeleri hem aýdyň delildir. Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik barlaglary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, hususan-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
2023 — 2028-nji ýyllarda inžener ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynda tapgyrlaýyn STEM (science, technology, engineering and mathematics) maksatnamasy esasynda okuw işini guramak boýunça alnyp barylýan işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alýar. Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň 2023-nji ýyl üçin Ýol kartasynyň tassyklanmagy bu ugurda işleriň ýokary derejede alnyp barylýandygyny görkezýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlarymyzy dünýä bilen aýakdaş barýan bilimiň hil taýdan täze basgançaklaryna götermek bilen baglydyr.
Sanly tehnologiýalar gitdigiçe ösýär we adamzadyň gündelik durmuşyna giň gerim bilen ornaşýar. Bilim bermekde ylmyň, tehnologiýanyň, inženerçiligiň we matematikanyň bilelikde ulanylmagy «emeli aňyň» mümkinçiliklerinden peýdalanmagy talap edýär. Ylmy-tehniki ösüş bilimiň derejesi, hili, tehnologiýalar hem-de döredijilik mümkinçilikleri bilen şertlendirilýär. Bu ugurda döwlet derejesinde edilýän aladalar ýaşlaryň dünýä ýaşlary bilen deň hatarda ylym-bilimiň gazananlaryny öwrenmegine we özleşdirmegine şert döredýär.
Golaýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty «UI Green Metric» Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy. Bu halkara reýting 2010-njy ýylda Indoneziýa tarapyndan işlenip düzüldi. Dünýäniň ýokary okuw mekdepleri 6 ugur, 39 görkeziji boýunça daşky gurşawy goramak we munuň bilen bagly başlangyçlara ygrarlylyk babatda bu sanawa goşulýar. Bu işde «ýaşyl şäherçäni» döretmek we durnukly daşky gurşawy emele getirmek juda möhümdir. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan öňe sürlen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglydyr.
Ýokary okuw mekdebimiz paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde — Köpetdagy etekläp oturan sebitde ýerleşmek bilen, bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen binalar toplumy we landşaft bezegi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda institutymyzda tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara assosiasiýasynyň sanawyna goşulmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda halkara akkreditasiýasyny almak, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligini ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribe esasynda okuwa, ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak, ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek ugrunda hem alnyp barylýan işler barha ýaýbaňlanýar.Institutymyzyň talyplary döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Onlaýn arkaly ders bäsleşikleri geçirilip, baý tejribe toplanyldy. Talyplarymyz 2022-2023-nji okuw ýyly boýunça halkara açyk internet olimpiadalarynda 3 altyn, 4 kümüş medala, birinji derejeli diplomlaryň 16-syna mynasyp boldular. Talyplarymyzyň döwlet derejesinde geçirilen onlaýn ders bäsleşiklerinde hem 38 sany birinji, 53 sany ikinji, 53 sany üçünji baýrakly orunlary gazanmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda fizika we ekologiýa dersleri boýunça guran açyk onlaýn — internet olimpiadamyz bilim ojagymyzda özgertmeleriň mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlar düzýär. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek hem-de onuň häzirki zaman ýagdaýlaryna laýyk hereket etmegini gazanmak üçin, ýurdumyzda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň teklipleri esasynda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 4-siniň biragyzdan kabul edilmegi buýsançly wakadyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty inžener ugurly ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, ýurdumyzyň ulag, kommunikasiýa toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Howa, awtomobil, suw ulaglarynyň ulanylyşy, demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi, demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak kafedralarynyň degişli hünärlerinde okaýan talyplarymyz geljekde ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde belent maksat edinýärler.
Halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Gylyçmämmet ORAZOW,
okuw işleri boýunça prorektory.
"Türkmenistan" gazedi 2023-nji ýylyň 12-nji apreli.