Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna öňe sürýän umumadamzat bähbitli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Barha kämilleşýän halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde, ykdysadyýetiň güýçli depginlerde ösdürilmegi ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan beýleki ençeme hünärmenler bilen bir hatarda döwlet dilini we daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem zerurlyk döredýär. Şonuň ýaly-da, häzirki döwürde ylmyň, tehnikanyň batly depginlerde ösmegi, ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, adamzat ösüşiniň dünýä ýüzüne çalt ýaýylmagy daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegini talap edýär. Galyberse-de, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi adamyň dünýä medeni gymmatlyklaryna akyl ýetirmek, dilleri öwrenilýän ýurtlaryň ykdysady, medeni we durmuş derejeleri hakynda maglumatlar bilen ýakyndan tanyşmak, halklaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmek ýaly mümkinçiliklerini artdyrýar.
Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ösdürmek, olary watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy işler, barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly döwletli başlangyçlaryň giňden durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.
Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylara kämilleşmek hem-de özleriniň zehinlerini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin döredilýän oňaýly şertler ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet derejesinde çuňňur alada edilýändigine «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli tagallalaryň edilýändigini ýatlanymyzda hem göz ýetirmek bolýar.
Üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan ylym-bilim özgertmeleri ata Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, ýokary düşünjeli, döwrebap tehnologiýalardan ezber baş çykarýan, şonuň bilen birlikde dünýä dilleriniň ençemesini suwara bilýän ýaş hünärmenleriň ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaşlarymyzyň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin döredilýän şeýle mümkinçilikler Diýarymyzyň içeri we daşary syýasatdaky batly ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak bagtyýar nesillerimizi döredijilikli durmuşa ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak ugrundaky alyp barýan beýik işleri ýaşlarymyzyň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin gönükdirilen çäreler olaryň döwre laýyk ylmy-tehniki açyşlary durmuşa ornaşdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga giň ýollary açýar.
Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, institutymyzda innowasion bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak, mugallymlardyr talyplaryň ylmy işlerini önümçilige ornaşdyrmak, dünýäniň abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ýurdumyzyň ulag pudagy hemde ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleriň — inženerleriňdir tehnologlaryň, mehanikleriň täze nesli kemala gelýär.
Ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmagy, saýlap alan ugry boýunça kämilligi gazanmagy, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda aladalar hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar. Goý, şeýle işlere badalga berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Näzik Öwezowa, Maksat TEKÄÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag konmunikasiýalary institutynyň talyplary.