Beýik ynama, hormata mynasyp ýaşlar

Her güni ýaşlaryň durmuşyny özgerdip gurmaga bagyşlanan üstümizdäki ýylyň Garaşsyzlygymyzyň taryhyny bezejek iň ajaýyp wakalara baý bolýandygyny şübhelenmän aýtmak bolar. Çünki «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen buýsançly şygara eýe bolan ýylymyzyň her bir pursady şanly üstünliklerden, hoş habarlardan püre-pür. Aslynda, ýylymyzyň şeýle buýsançly ada eýe bolmagy Watana, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bolan beýik söýgä ygrarly ýaşlary mundan beýläk-de rowaçly işlere ruhlandyrýar. Kalbyňda Watana, döwlet Baştutanyňa, Arkadagyňa bolan beýik söýgi möwç alýarka, neneň yhlasly zähmet çekmejek, döretmejek, gurmajak?! Ýurduň geljegine deňelýän ýaşlaryň abraý-mertebesini belentliklere ýetiren, ak ertirlerimize giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip işlemekligiň özünde uly güýç bar. Milli Liderimiziň hut özi täze başlangyçlary bilen bizi beýik maksatlara atarýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Ýaşlara gutlag», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly beýik eserleri, bagtyýar türkmen ýaşlary bilen geçiren duşuşyklarynda eden taryhy çykyşlary bize rowaç menzillere ýetmekde iň kämil ýollary salgy berýär. Şanly ýylymyzda ýaşlaryň şäheri diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýaşlar barada edilýän aladalaryň bir bölegini düzýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde kämil bilimli, ukyp-başarnykly şahsyýetleriň kemala gelendigini arkaýyn aýdyp bileris. Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen ýaşlarynyň üstünlikli we ýeňişli ýollarynyň äleme ýaň salýandygyny görýäris. Döwletli döwranyň, nurana geljegiň eýeleri hasaplanylýan ýaşlaryň her biriniň kalby hyjuwdan we joşgundan doly. Ýaşlaryň hak-hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belentden tutulýan döwründe biziň üstümize yhlasly zähmet çekip, döwletimiziň şöhratyna şöhrat goşmak wezipesi düşýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly üstünliklere beslenýär. Biz munuň guwandyryjy netijelerini bolsa her bir ädimde görýäris. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlik bilen bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde birnäçe bilim ojaklarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçmegi diňe bir Bilimler we talyp ýaşlar gününiň däl, eýsem, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ýatdan çykmajak taryhy wakasyna öwrüldi. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz özüniň köpýyllyk durmuş tejribesi, pähim-parasaty bilen ýaşlar üçin nusgalyk durmuş mekdebi bolup durýar. Milli Liderimiz ýaşlar bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, olara özüniň gymmatly maslahatlary bilen ýüzlenýär. Munuň özi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwürde türkmen ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim ulgamlarynyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşýarlar, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýokary işjeňlik görkezýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işlerini ýaş nesliň arasynda giňden wagyz-nesihat edýärler we belent hormata mynasyp bolýarlar. Türkmen ýaşlarynyň aglabasynyň ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmagy, şeýle hem döredijilikli işleýän, önümçiligiň öň hatarynda barýan göreldeli ýaşlaryň birnäçesiniň hormatly atlara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işlemegi, döretmegi, gurmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.

Enebaý HATJYÝEWA,

Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 1-nji ýyl talyby.