Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnan ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hem şol ösüşlere mynasyp goşant goşmaklygy özleriniň iň esasy borçlary hasaplaýarlar.Ösüşlerden-ösüşlere ilerleýän ýurdumyz halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Onuň esasy sebäpleriniň biri hem ýaşlara berilýän gyzgyn goldaw diýip aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar üçin berilýän syýasy goldawyň naýbaşysydyr. Syýasy ýörelgäniň baş maksady, ýaşlaryň ata Watanymyzyň ilhalar nesilleri bolup ýetişmeklerini gazanmak, galyberse-de, olaryň kalbynda saýlap alan hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak ýaly oňyn häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň parasatly ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplere eýerip, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýandyklary buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Ýurdumyzda ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini görkezmek bolar. Bu Kanun Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem bu ugurdaky uly tutumlaryň biri bolup, ol ýaşlar barada edilýän aladanyň giň gerime eýediginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu maksatnama ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde diýseň uly ähmiýete eýedir.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.
Häzirki wagtda ýaşlarda milli buýsanjy, watansöýüjiligi ýokarlandyrmak, şöhratly taryhymyz, däp-dessurlarymyz, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýokary medeniýetli, belent adamkärçilikli nesli terbiýelemek boýunça köpugurly işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmesi bolup dabaralandy. Bu wakanyň hemmeleri egsilmez hoşallyga beslän günleriniň yzysüre, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň öňünde umumy sapak geçmegi zamanamyzyň şanly wakalarynyň hataryny artdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu taryhy sapagy durşy bilen öwüt-ündewe, nesihata ýugrulyp, ol ýaşlar üçin naýbaşy mekdepdir. «Siz geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan mukaddes tugumyzy elmydama belent tutup döretmelisiňiz hem-de gurmalysyňyz!» diýip, umumy sapakda ýaşlara ýüzlenmegi Gahryman Arkadagymyzyň olara örän uly ynam bildirýändiginiň kepilidir.
Ýaşlar — ata Watanyň buýsanjy. Gadyry hem gymmaty ýokary bolan zatlara buýsanç gözi bilen seretmek her bir ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Şeýle buýsanjyň eýesi bolan biz — ýaşlara ähli babatda görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.