Bedew atym – ganatym

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimize goýulýan hormat has-da belent derejelere göterildi. Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini saklap gelýär. Ýurdumyzda behişdi bedewleriň şanyna baýramçylyk giňden we dabaraly bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

       Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi ýyndamlygy bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerinden ozduryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatynyň ösüşine goşant goşdy. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen, dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Ahalteke bedewiniň adam bilen aň-paýhas sazlaşygyna girip bilýändigi tebigatyň täsinligidir. Dünýäde arassa ganlylygyny saklan ýeke-täk bedew – ahalteke bedewi. Ahalteke bedewleri umumadamzat gymmatlygy. Ata-babalarymyzyň öz bedew aty bilen dünýäniň çar ýanyna ýöriş etmegi bu atlaryň giňden ýaýramagyna we meşhurlygyna şert döredipdir. Türkmen dessanlaryny, halk ertekilerini, rowaýatlaryny okanyňda hem, muňa göz ýetirmek bolýar. Il-ulsumyz bedew bady bilen üstünliklere sary öňe barýar. Şeýdibem, ahalteke bedewi rowaçlygyň nyşanyny özüne ýaran edinýär.

      Häzirki döwürde ahalteke bedewlerini ýetişdirmäge we olara ideg etmäge  raýatlarymyzyň hem işjeň gatnaşmaklary bizi has-da buýsandyrýar. Ahalteke bedewleriniň abraýynyň öz hakyky derejesinde, olara mynasyp derejede bolmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ahalteke bedewini seýisläp, täsin sungaty döreden ata-babalarymyzyň bu hünärleri kämilligiň nusgasyna öwrüldi.

        Türkmen halkynyň bedewlere bolan söýgüsi heýkellerde öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda Aşgabatdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna giren suw çüwdürimler toplumyndaky Oguzhanyň at üstündäki heýkelini, 10 atyň heýkeller toplumyny, Polatly aýlaw ýolunyň meýdançasyndaky bedewiň heýkelini we paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Andalyp köçesiniň çatrygynda Ýanardagyň heýkeli ýerleşdirilen monumentini görkezmek bolar.

          Milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimize berilýän üns bagtyýarlyk zamanamyzda has-da güýçlendi. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap atçylyk sport toplumlary munuň aýdyň mysalydyr. Atlary idetmekde, seýislemekde ähli amatlyklary bolan bu toplumlarda halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga ukyply türgenleri taýýarlamaga, olaryň türgenleşik işlerini talabalaýyk ýola goýmaga ähli şertler döredilendir. Meşhur atşynaslaryň neberesinden bolan Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem bütin dünýäde bedew janköýeri we atçylyk sportunyň ussady hökmünde tanalýarlar. Goý, atçylygy, atşynaslygy ýokary derejede ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!


Bägül ÇARYÝEWA,

Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.