Her ýylyñ aprel aýynda Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giñden ýaýbañlandyrmak indi asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýakymly ýaz paslynyñ bu ajaýyp aýynda sport, bedenterbiýe çäreleriniñ köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki biziñ ýokary okuw mekdebimizde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga talyp ýaşlarymyz hem işjeñlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
Biziñ halkymyzda sagdynlyga, arassa ahlaklylyga, berk bedenli we kämil ruhlulyga uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyñ sagdyn durmuş we röwşen geljek hakyndaky ýörelgeleri berk bedenli nesilleriñ kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçilýär. Dünýä ýüzünde adamzadyň saglygyna bagyşlanyp geçirilýän bu baýram saglygyň ynsan üçin nähili möhümdigini açyp görkezýär.
Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliñ ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bedenterbiýe sapaklary guralýar, sport çärelerine giñ gerim berilýär. Oña bagtyýar talyp ýaşlar bilen bir hatarda ähli halypa mugallymlar hem işjeñ gatnaşýar.
Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň sport meýdançasynda institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, gujurly-gaýratly, ugurtapyjy ýaşlary kemal getirmek we olarda sporta bolan söýgüni ösdürmek maksady bilen sport çäresi geçirildi.Ýaşlaryň boş wagtyny netijeli geçirmekleri, ýaş nesliň aň-bilim terbiýesi we olaryň köpçülikleýin sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sportyň birnäçe ugurlary boýunça ýaryşlar gurnaldy.
Sport çäreleri bilen hatarda dürli ýaryşlaryň geçirilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Talyplaryň sport kluby hereket edýär we onuň wezipesi talyplaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplaryň sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir. Talyplaryň sport klubynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar. Institutda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, bütin adamzat bähbitli işlerine mynasyp goşandyny goşýar, ýagny birnäçe ugurlar boýunça ýokary hünär derejeli hünärmenleri ýetişdirýär. Ýokary okuw mekdebinde sporta hem uly üns berilýär. Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňdençekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary netijeli işleri alyp barýarlar. Olar bedenterbiýäniň we sportuň sazlaşykly ösmeginde we ýaş türgenleriň kemala gelmeginde mynasyp goşantlaryny goşýarlar.Şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instititynyň fakultetleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraýar.
Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýarlar. Türkmenistan döwletimizi sportuň, saglygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin!
Mustafa ANNADURDYÝEW,
Inžener ulgamlary we torlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby.