BARHA KÄMILLEŞÝÄN ULGAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar. Şeýlelikde, Türkmenistan ylym, bilim babatda dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän halk bähbitli toplumlaýyn özgertmeler, bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ata Watanymyzyň her güni rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan ösüşler we ýetilýän sepgitler bizi diýseň guwandyrýar. Ylmy-bilimi kämilleşdirmäge, ony dünýäniň ösen derejesine ýetirmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garapdyrlar. Arkadagly Serdarymyz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Sanly okuw serişdeleri we enjamlary mugallymlar, okuwçylar hem-de talyplar üçin bu gün elýeterlidir. Ylym-bilim almakda goşmaça maglumat serişdelerine aýratyn orun degişlidir. Olara sözlükler, gysgaça düşündirişler, döwürleýin hem-de pudaklaýyn neşirler, binýatlyk maglumatlara salgylanmalar, saýtlar, sorag-jogap tor ulgamlary we beýlekiler girýär. Bu günki gün sanlylaşdyrylýan bilim ulgamynda bu maglumat serişdeleri mugallymlara we ýaşlara uly ýeňillikleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bilim işgärleriniň we talyp ýaşlarynyň ylmy gözlegler, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigi üçin alkyş aýdýarys!

Arslan HALIDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýyalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.