Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “MEDENIÝETIMIZ WE SUNGATYMYZ ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Ýokary okuw mekdebimiziň kitaphana işgärleriniň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde geçirilen baýramçylyk çäresinde diňlenilen çykyşlarda asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan hormatly Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara bilen döwlet derejesinde bellemek asylly däbe öwrülendigi beýan edildi.
Merdana türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki-gün agzybir halkymyz dana şahyryň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlarynyň hasyl bolýan günlerinde ýaşaýar. Her bir halkyň dünýä medeniýetine goşan goşandy onuň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenilýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döreden halkdyr.
“MEDENIÝETIMIZ WE SUNGATYMYZ ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA” atly baýramçylyk çäresinde çykyş eden kitaphana işgärleriniň we mugallymlaryň ýurdumyzyň täsin galdyrýan we seýrek duşýan medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, muzeýleriniň, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ýaş nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadygy barasyndaky çykyşlary talyplarda uly täsir galdyrdy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresi, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.