Bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Her täze okuw ýylynda ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi däbe öwrüldi. Talyplyga dalaşgärlik — orta mekdebi tamamlan, önümçilikde zähmet çekip ýören ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara, täsirli pursatlara baý döwür. Bu döwürde dalaşgär ýyllaryň dowamyndaky arzuwynyň wysala gowuşmagy üçin alnan bilimler boýunça başarnygyny saldarlaýar, geçilenleri gaýtalaýar, berkidýär. Çünki resminamalary tabşyrandan soň, sähel salymdan bellenen wagtda giriş synaglary ýetip gelýär.
Bilim bagynyň ilkinji basgançaklaryndan biri bolan mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy bilen, hünär saýlamak meselesi hem örboýuna galýar. «Haýsy hünäri saýlasam, dogry bolarka?», «Saýlan hünärim dogrumyka?» diýen ýaly soraglar islendik ýaş ýetginjegiň aňynda köwsarlap başlaýar. Aslynda, ýönekeýje bolup görünýän bu soragyň ykbal kesgitleýji güýji bar. Şeýle ýagdaýlarda maşgalada ýaşulularyň, ata-eneleriň şahsy göreldesi zerur bolup, olaryň degerli maslahatlary möhüm rol oýnaýar. Ýöne öz geljekki durmuş ýolumyzy saýlamak özümize has köpräk bagly.Hünär saýlamakda öňüňde goýan maksadyň ýa-da çagalykdan köňlüňde beslän arzuwdyr hyýalyň bolmagy hünär saýlamak üçin sarp etjek wagtymyzy tygşytlamaga ýardam edýär. Höwes-islegiň, sowadyň, bilim derejäň hem-de ukyp-başarnygyň hem bu ýagdaýa güýçli täsir edýär. Zähmet ýolumyzy saýlamakda goýberen ýalňyşlygymyz bize berlen uly baýlyk bolan ömrümizi manysyz geçirmegimize, wagtymyzy bihuda sarp etmegimize sebäp bolup biler. Köňül maksadyňa görä saýlanan durmuş ýoluň her güni-de, her sagady-da, her minudy-da üýtgeşik!
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşdyrýan diwarlyklar görnükli ýerlerde goýlupdyr. Talyplyga dalaşgärler şol diwarlyklar arkaly özlerini gyzyklandyrýan, höwes edýän hünärler boýunça gerekli maglumatlary alyp bilýärler. Degişli bilim ojaklarynyň mugallymlary dalaşgärleriň gyzyklanýan sowallaryna jogap we degerli maslahatlaryny berýärler, talyplar bolsa, resminamalary dogry doldurmak bilen baglanyşykly olara ýardamyny gaýgyrmaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek babatda edýän tagallasy ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine talyp bolmagy ýüregine besläp, şu günler resminamalaryny iş toparlaryna tabşyrýan dalaşgärler bilen söhbet bolanyňda-da göz ýetirýärsiň.
Hormatly dalaşgärler! Magtymguly atamyz: «Yhlas bile bir kämile gol beren, // Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýipdir. Yhlas sizi maksadyňyza ýetirer, arzuwlaryňyzy wysala gowşurar. Siziň saýlan ýoluňyz — bilimler dünýäsi, hünär edinmek islegi ynsan ömrüni nurlandyrýan, geljegi ýagtyldýan ýol. Şonuň üçin yhlas ediň, alan bilimleriňiz boýunça güýç-gaýratyňyzy bir ýere jemläň, tijeniň! Sebäbi siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar perzentleri, bagtly ýaşlary! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadagly döwrümiziň talyby bolmak ruhubelent ýaşlaryň her biriniň gursagyna beslän belent arzuwydyr. Ýaşlara şol ajaýyp maksat-myradyna ýetmegi arzuw edýäris.Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, okamaga, döretmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ýoluňyz ak bolsun!
Aman HOJALYÝEW,
Mirhan TUWAKOW,
Mehanika-tehnologik fakultetiniň mugallymlary.