“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde Garaşsyz ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, şöhratly özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegi, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy babatda geljegi uly meýilnamalar amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “GAHRYMAN ARKADAGYMYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ BILEN BAGTYÝARDYR ÝAŞLARYMYZ” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadag şäheri “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda guruldy. Döwrebap şäherde ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyryldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň iýun aýynda hormatly Gahryman Prezidentimiziň gatnaşmagynda “akylly” şäheriň ikinji nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabaraly maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyzyň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleriniň öz beýanyny tapýandygyny nygtadylar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk ARKADAG şäheri bilen tanyşmak hem-de şäheriň binagärlik we bezeg ulgamynyň häzirkizaman ösüşlerini we milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan gözelligini ýakyndan synlamak maksady bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda yzygiderli gezelençler gurnaldy. Gezelençleriň çäginde, talyplar şäheriň merkezi meýdançasynda bina edilen “Arkadag Binasyna”, şeýle-de, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäheriniň kitaphanasyna hem-de Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, milli gymmatlyklarymyzy buýsanç bilen synladylar.
Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň çeper höwesjeňleriniň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň beýik ýeňişleri baradaky ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bu geçirilen dabaraly maslahaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.