Bagtyýar ýaşlar sport bilen öňe barýarlar

Garaşsyz Diýarymyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge uly üns berilýär. Halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, belent ruhly bolmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu işler biziň ýurdumyzda adam sarpasynyň belentde tutulýandygyny, onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýändigini alamatlandyrýar. Biz munuň şeýledigini Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň mysalynda hem has anyk göz ýetirdik.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny berkitmekde alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Şeýle bimöçber aladalaryň netijesinde ýurdumyzyň sportda gazanýan halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmagy, hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde guralan welosipedli ýörişe gatnaşmagy, bu ýörelgäniň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem mynasyp ýaýbaňlandyrylmagy, Olimpiýa şäherçesinde halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenleriň sylaglanylmagy şol günüň taryhy wakalary hökmünde hakydalarda orun aldy.

Sport ynsany diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem adamyň dünýägaraýşyny, gözýetimini hem giňeldýär, ruhuny göterýär, saglygyny berkitmäge kömek edýär. Hut şonuň üçin hem agzybir hem zähmet­söýer türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer taglymaty netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduny gurýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary bilen geçirilýän dürli sport ýaryşlary bizi has-da ruhlandyrýar. Çünki sport sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleriniň has hem ýokary göterilýändigini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ildeşlerimiziň sanynyň gün-günden artýandygyny, ýene bir gezek uly kanagatlanma bilen bellemek isleýäris. Bedenterbiýe-sport hereketleriniň şunuň ýaly derejede dabaralanmasy Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülmegini, türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny şertlendirýär. Munuň özi bolsa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň öz ösüşinde has belent sepgitlere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Biz — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary bolsa Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesine eýerip, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly sözlerinden ugur alyp, milli mertebesi barha belende göterilýän sagdynlygyň ýurdunda yhlasly okaýarys, bedenterbiýe bilen giňden meşgullanýarys. Bu eşretli eýýam üçin bolsa Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

 


Kuwwat ÝAZLYÝEW,

 Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we Awtomobil hojalygy hünäriniň talyby.