Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli taýýarlyk işini alyp barýar hem-de şanly seneleriň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar.
Hormatly Prezidentimizin parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyyetimiziň
ähli pudaklarynda uly öňegidişlikler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda raýat-
larymyzyň gündelik durmuşyny ulag hyzmatlary bolmazdan göz önüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbanlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän
ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edyär. Muny «Türkmenawtoulaglary»
agentliginde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem görmek bolýar.Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan awtomenziller gurlup
ulanylmaga berilyär, öňki bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ulgamda dünyä tejribesinde barlanylan hem-de ykrar edilen maksatnamalar giňden ornaşdyrylyar.
Halka edilyän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin agentlik tarapyndan birnäçe ýeňillikler döredildi. Awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin dünyä ülňülerine gabat gelýän ýörite ýolagçy kartlary girizildi, ýeňil taksilerde plastik kartlaryň üsti bilen töleg geçirmäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem uruş weteranlary, 7 ýaşa çenli çagalar
we saglyk ýagdaýy pes bolan raýat peýdalanýarlar, pensionerler hem-de mekdep okuwçylary üçin niýetlenen ýol peteklerinde bir aýlyk ýenillikli nyrhlar kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimizin kararlaryna layyklykda satyn alnan «Hyundai Super Aero City» kysymly awtobuslar şäheriçi gatnawlarda halkymyza hyzmat edýär. Mundan başga-da,
ýurdumyzda şäheriçi gatnawlarynda «Hyundai Elantra» we «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtomobiller taksi hyzmatlary üçin peýdalanylýar.Olarda «Altyn Asyr» ÝGPJ tarapyndan «Samsung» we «Alcatel» görnüşli planşetler oturdyldy hem-de internet ulgamynda ulanylýan yörite programma üpjünçiligi ulanylyşa girizildi. Onuň üsti bilen ýolagçylar hyzmatyň hili, bahasy, ýolun uzynlygy we ugry baradaky zerur maglumatlary alyp bilýärler.Bu hyzmat ilatyň arasynda barha meşhurlyk gazanýar we gyssagly taksi çagyrmak üçin internet hyzmatlary işjeň peýdalanylýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşayyş-durmuş derejesinin has-da gowulanmagyna, her bir raýatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp yaşamagyna şert döredyär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata-Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär.Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary elýeter edildi, Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy.
25-nji maýda bellenilip geçilýän Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde şäherde täze, amatly “Hyundai ALL New Super Aero City” kysymly awtobuslaryň 400-si işe giriziler.Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmeginiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterjekdigi bellärliklidir.Şol gün şeýle hem “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan 200 sany “tayota corolla” kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary goýberiler.
Ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Aşgabat şäheriniň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup, bu degişli pudaklaryň hyzmaty bilen, mynasyp amal edilýär.Ýolagçy gatnawlarynda we ýük dolanyşygynda wajyp wezipäni ýerine ýetiryän awtomobil ulaglary pudagynyň düzüminin kämilleşmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlanmagy ugrunda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiyetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW, Ulaglar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby