AŞGABAT — HALKARA GATNAŞYKLARYŇ MERKEZI

Paýtagtymyz Aşgabat şäheri, onuň ak mermere beslenen gözel keşbi, binagärlik aýratynlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp we gaýtalanmajak eseridir.
Ýurdumyzyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda ýörite kada bilen berkidilýär we onda şeýle bellenýär: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir». Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmeginde 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Kanunda göz öňünde tutulan käbir ýagdaýlary nygtamak ýerliklidir. Agzalan Kanunyň 1-nji maddasyna görä, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezidir. Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasynda saklanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň beýanynyň asyl nusgasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Döwlet tugrasynyň etalonlarynyň ýerleşýän ýeri bolup durýar.
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasy, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we halkara guramalaryň wekilhanalary ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde umumydöwlet we halkara çäreleri geçirmek üçin bellenilen tertipde şertleriň döredilýändigi hem bellärliklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallalary bilen, halkara gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen we sebitde uzak möhletleýin durnuklylygy we parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara derejeli gepleşikler Aşgabat şäheriniň syýasy ähmiýetini artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we halkara jemgyýetçiligiň ýakyndan goldamagynda ýokary guramaçylykda geçirilýän halkara derejeli okuw maslahatlary, halkara forumlar, ýokary derejeli duşuşyklar paýtagtymyzyň sebitde we tutuş dünýäde abraýyny barha belende göterýär. Hususan-da, Aşgabadyň kabul etmeginde, halkymyza mahsus myhmansöýerlik däplerini berjaý etmek şertlerinde, taraplar üçin amatly syýasy gurşawda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar halkara gatnaşyklaryň dürli ugurly, ýagny energetika, suw, ulag, ekologiýa, daşky gurşaw, azyk howpsuzlygy we beýleki meseleleriň ençemesini özara bähbitli esaslarda oňyn çözmäge ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şu günki Aşgabadyň syýasy ähmiýeti dogrusynda şeýle belleýär: «Aşgabat özüniň dostlugyň, bagtly çagalygyň, arzuwlaryň, täze innowasiýalaryň şäheri hökmündäki meşhurlygyny artdyrýar. Halkara gatnaşyklaryň ygtybarly binýadynda dostluk, goňşuçylyk, sahawatlylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri rowaçlanyp, paýtagtymyzyň sebitiň ylalaşdyryjylyk merkezi derejesini berkitdi».
Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda hut Aşgabatda geçirilen täjigara we owganara gepleşikleri sebitiň ýurtlarynda we goňşy döwletlerde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin zerur bolan şertleri döretdi.
Ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Aşgabat şäheri 1996-njy ýylyň ýanwaryndan şeýle gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Täjigara dawalary çözmek boýunça paýtagtymyzda geçirilen gepleşikleriň tapgyrlary özüniň oňyn netijesini berdi. Şeýlelikde, 1996-njy ýylyň martynda üç ýyl möhlet bilen jemgyýetçilik ylalaşygy hakyndaky Şertnama baglaşyldy. Türkmen döwletiniň paýtagtynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen ylalaşdyryjylyk wezipesini üstünlikli durmuşa geçirýändigini äşgär eden bu waka taryhydyr. Şeýle mysallaryň biri, elbetde, goňşy Owganystan bilen baglydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty goňşy Owganystanda ýüze çykan ýagdaýlary kadalaşdyrmak bilen bagly gepleşikleriň hem geçirilen ýeridir.
Aşgabatda 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk babatda VII maslahatyň (RECCA VII) geçirilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki Türkmenistan Owganystan meselesi boýunça 2008-nji ýylda Parižde, 2010-njy ýylda Londonda, Kabulda, 2011-nji ýylda Bonnda geçirilen halkara maslahatlarda kabul edilen çözgütleriň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşyp, öz tekliplerini öňe süren hem-de anyk işleri durmuşa geçirýän döwletdir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler köpugurly bolup, olar halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde tapawutlanýarlar. Şeýle ugurlaryň biri öňüni alyş diplomatiýasydyr.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda utgaşykly hyzmatdaşlygyň netijesi hökmünde hut ýurdumyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Aşgabat şäherini halkara gatnaşyklaryň merkezine öwürdi.
Öňüni alyş diplomatiýasynyň iş ýüzünde ulanylmagynyň we durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Aşgabatda kabul edilýän sebit ähmiýetli çözgütler möhümdir. Hususan-da, halkara derejeli maslahatlarda, duşuşyklarda, okuwlarda derwaýys halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabadyň ýygy-ýygydan açyk meýdança bolup durýandygy hakykatdyr.
Aşgabatda geçirilen halkara maslahatlardyr forumlar paýtagtymyzyň halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň aýdyň alamatydyr.
2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde, şol ýylyň 28-29-njy noýabrynda paýtagtymyzda ýene bir uly syýasy çäre geçirildi. Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisinde strategik resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
2019-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Guramasyna başlyklyk etdi. Başlyklygyň dowamynda dürli derejeli halkara duşuşyklar Aşgabat şäherinde geçirildi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygynyň toýlanmagy aýratyn bellärliklidir.
Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýän häzirki günlerde şäheriň islendik künjegine nazar aýlanyňda, göwnüň galkynýar. Galkynan göwünlerde ýaşaýşa bolan hyjuw has-da artýar.

Çeşme: Rowaçlyk | TDNG (metbugat.gov.tm) 

Gylyçmuhammet JORAÝEW,  Institutymyzyň uly mugallymy.