Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem, hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär. Ýaşlarymyz özleriniň zehin başarnyklaryny açyp görkezip, synaglardan üstünlikli geçmegi başardylar. Talyp diýen ada mynasyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlar şeýle ajaýyp döwri peşgeş berip, okamaga, döretmäge, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza ýürek töründen çykýan alkyş sözlerini beýan edýärler. Biz ýürekleri joşgunly ýaşlaryň ýürek arzuwlaryny institutymyzyň saýtynda okyjylarymyza ýetirýäris.
Mekan PIRMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Hormatly Prezidentimiziň badalga beren bilim özgertmeleri ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga kuwwatly itergi berip, ýaşlar üçin çuň bilimlere ak ýol açdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlaryň müňlerçesi göwün söýen hünärine eýe bolmak arzuwy bilen, arzyly talyplyga ýetýärler.
Bilimleriň hem ylymlaryň galkynmagyna ak ýol açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mähriban ilimize eçilen şuglaly menzillerini sanlar ýa maglumatlar bilen sanamak mümkin däl. Ösüşleri bagyşlan döwrümize buýsanç bu gün bagtyýar ýaşlaryň ýüreginde ýaşaýar, halkymyzyň ykbalyny arşa göterýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda meniňem çagalyk arzuwlarym wysal tapyp, talyp diýen buýsançly ada eýe boldum. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynda alnyp barylýan uly özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak arzuwy meni Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna alyp geldi. Hormatly Prezidentimize çagalyk arzuwlarymyň hasyl bolmagy, maksadymyň myrat tapmagy babatynda döredýän ägirt uly mümkinçilikleri üçin çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin.
Mekan YSMAÝYLOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Hormatly Prezidentimiziň gülledip ösdürýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp bolmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, maňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäri boýunça talyby bolmak bagty nesip etdi. Ýaş nesilleriň arzuw-islegleri hasyl bolýan bagtyýar zamanamyzda, ata Watanymyzyň, Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyny ödemek üçin biz kämil bilimli, ahlak taýdan arassa, il-günümize gerekli hünärmenler — dispetçer, inžener-mehanikler bolup ýetişmelidiris. Ynsanyň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar, ýagny talyp bolmak bagty meniň başymy al-asmana göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirip, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ökde hünärli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky başlangyçlary rowaçlyk bilen durmuşa geçirilýär. Muňa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde bar bolan ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň durkunyň täzelenilmegi hem-de olarda ähli zerur bolan tejribe enjamlarynyň, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterleriň, iň täze okuw usullarynyň ornaşdyrylmagy hem mysal bolup biler.
Şeýle ajaýyp pursatda biz barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýärin. Goý, ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!
Umyt UMAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny ösdürmeklige, ony kämilleşdirmeklige aýratyn üns berýär. Bu ugurda kabul edýän kararlary, ajaýyp çözgütleri türkmen ýaşlarynyň çuň bilim alyp, ökde hünärli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda maňa hem , Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda şeýle uly bagta miýesser bolmak meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. «Hünärli hor bolmaz» diýlişi ýaly, hünär ynsanyň ýaraşygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saýlan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyna, öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmegine hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle mümkinçiliklere jogap edip, biz milli medeniýetimiziň ösmegine, barha kämilleşmegine öz goşandymyzy goşarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe men hem hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, saýlap alan hünärim boýunça kämil bilim alyp, ilimize-günümize gerekli adam bolup ýetişmegi öz öňümde maksat edip goýýaryn. Talyplyk döwrümde institutda geçiriljek syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülik çärelerine hem işjeň gatnaşaryn.
Biz — ýaşlara okamaga, döretmägä giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýazga geçirenler Oguljan AÝNAZAROWA,
Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň müdiri.
Amanmyrat SÄHETMYRADOW,
Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.