Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen aýdyň geljege tarap

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulan döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilýän şertleriň netijesinde zehinli ýaşlaryň nesli kemala gelýär.Türkmen halky özüni dünýädäki iň bagtyýar halk hökmünde duýmaga doly haklydyr.«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler dünýäni haýrana goýýar.Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk döwletlilik ýörelgeleri bar. Agzybirlik,ýaşulylara sala salmak, Watanyň nurana geljegi ugrunda bir supranyň başyna jemlenip, döwletli maslahatlary geçirmek şol ýörelgeleriň süňňüni düzýär. Dana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerip, bu günki günde agzybir halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerine esaslanyp, Milli Liderimiziň, Gahryman Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşýär.Ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy guwançly, ýatda galyjy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, forumda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi biragyzdan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp gitmekde, ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmekde giň gerimli işleri alyp barýandygyny belläp, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Şunlukda, watandaşlarymyzyň arzuw-isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli karar kabul edildi we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özüne berlen belent döwlet sylagyna tutuş halkymyza, bilelikde amala aşyrylan beýik işlere berlen sylag hökmünde garaýandygyny bellemegi bolsa ildeşlerimiziň joşgunly göwünlerine ganat berdi.

Binýatlaýyn pudaklaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de döwletimiziň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi, gadymy türkmen topragynyň keşbiniň bütinleýin özgerdilmegi bilen bir hatarda, iň möhüm üstünlikler durmuş ulgamynda gazanylýar. Olar adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz iň öňdebaryjy halkara tejribä hem-de Türkmenistany dünýä syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen düýpli täze taslamalara, ösüşiň täze ugurlaryna badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi, olar maddy abadançylygy we amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini hem-de döredijilik, aň-paýhas taýdan şahsyýetiň öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr. Ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.

Başgaça aýdylanda, taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetini ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň

gadymy dünýägaraýyşlary esasynda guraldy. Hormatly Prezidentimiziň beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp görülmegi ildeşlerimiziň kalbyndaky isleg-arzuwlaryň amala aşmasydyr, halkyň Gahryman Ogluna beren iň ýokary bahasydyr. Şu mynasybetli mertebesi belent döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmekde egsilmez güýç-kuwwat,

rowaçlyk arzuw edýäris. “Biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar” diýýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz Türkmenistan Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýar. Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan,halkyny Gün kimin çoýýan Mähriban Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


Rustam BABAJANOW,

Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.