Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Biz bu ýyly ruhubelentlik, buýsanç bilen garşyladyk. Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda elimize gymmatly sowgat bolup gowşan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny ýüzümize syldyk. Kitabyň ýaşlaryň mertebeliligi, nesle bolan ynam, buýsanç hakyndaky ýazgylary, esasan-da, ýaşlaryň täze döwrümizde gazanan sepgitlerine buýsançnamasy kalbyňa täsir edýär. Ýaşlar bilen birlikde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhlandyryjy sözi Gahryman Arkadagymyzyň ynsan ömri hakyndaky taglymatynyň dowamatydyr. Bu taglymat ýaşamaga, döretmäge güýç-kuwwat berýär.

 

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby baýramçylyk dabaralarynyň giň gerim alyp, şatlyk-şowhuna beslenýän günlerinde halkymyza toý sowgady boldy. Bu eser ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna we ähli ulgamlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanandyr. Geçen ýyl bolsa, hakykatdan-da, döwletimiz we halkymyz üçin üstünlikli, rysgal-bereketli ýyl boldy. Bu döwürde jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, hususan-da, syýasy, ykdysady, durmuş, sport, ylym-bilim, medeniýet we sungat hem-de beýleki ulgamlarda döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde uly ösüşler gazanyldy. Gazanylan ýokary netijelerde, eýelenen belent sepgitlerde işbaşarjaňlygy, ukyby, zehini bilen tapawutlanan Watanyň daýanjy bolan ýaşlar az däldir.

Ýaşlygyň belent hyjuwy, ajaýyp netijeleri bilen jemlenen üstünlikli ýylymyz gezegini joşguny egsilmejek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kelamyndan gözbaş alan bu ýylymyzyň ady döredijilik işgärleri üçin üýtgeşik gymmatlydyr.

 

 

Kitap hakynda söhbet edilende, onuň manysyna, mazmunyna üns çekilýär. Elimiz täze kitaply beýik Pyragynyň ady bilen baglanyşykly ýyla gadam basdyk. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusyndan ugur alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz ýürekleri buýsandyrýar. Magtymguly Pyragynyň ady, nakyla öwrülen şygyr setirleri üç asyryň dowamynda türkmeniň gündelik durmuşynyň hemdemi, adamlaryň ruhy söýegi, akyl hazynasy bolup ýaşady. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň şanly senesi bütindünýä baýramyna öwrüldi. ÝUNESKO-nyň 2024 — 2025-nji ýyllarda şanly seneleriniň sanawynda orun alan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy tutuş Zemin içre ýaň salar. Magtymguly Pyragynyň sözleri bilen dünýä halklary türkmeniň dünýäsini, täsin gözýetimini tanar. Bu ajaýyp başlangyçlaryň sakasynda hormatly Prezidentimiziň hoşmeýilli medeni syýasaty durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça 2024-nji ýylda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Toplumlaýyn maksatnamalar, anyk çäreleriň meýilnamalary we tertibi şanly ýylyň seneleriniň ählihalk şatlygyna, dabaraly toýa öwrüljekdigine doly güwä geçýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär, geçen ýyldaky ýaşlaryň gazanan ýokary netijeleri açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly bu täze kitaby ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolar. Bu kitap türkmen ýaşlarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň özboluşly beýany bolup, ol her birimiz üçin gymmatly gollanma öwrüler. Şeýle ajaýyp eseriňiziň höwri köp bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

 

 

Begenç Sopyýew,

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.