ARKADAG SERDARLY ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda “TALYP JOŞGUNY – 2023 ” atly döredijilik festiwaly geçirildi.

Döredijilik festiwalynyň deslapky tapgyrlarynda talyp ýaşlar öz döredijilik ukyplaryny başarjaňlyk bilen açyp görkezip, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilýän sepgitleri, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny hem-de bagtyýar döwrümiziň çeper keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

 “TALYP JOŞGUNY – 2023” atly döredijilik festiwalynyň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlar özleriniň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda yglan edilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlary arkaly başarjaňlyk bilen wasp etdiler.

Bäsleşigiň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary, şeýle hem milli mirasymyza degişli bolan folklýor çykyşlary baýramçylyk çäresiniň dabarasyny has-da artdyrdy.

“TALYP JOŞGUNY – 2023” atly döredijilik festiwaly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.


  Gülşirin Agaýewa,

“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.