XI asyryň ahyrlarynda Beýik Seljuk soltanlarynyň Kiçi Aziýa ýörişleri esasynda, ilki olara garaşly bolan, soňra özbaşdak ýaşan Anadoly Seljuk türkmen döwleti kemala gelýär. Bu döwlet Beýik Seljuk döwletiniň mirasdüşeri hökmünde Kiçi Aziýada kemala gelen ilkinji Seljuk türkmen döwletidir.
XIV asyra cenli ýagny 247 ýyllap Anadoluda hökümdarlyk eden Seljukaryň pul dolanyşygynyň taryhy bu döwletiň belli bir döwürlerde ähltaraplaýyn ösen nesilşalyk bolandygyny subut edýär.
Anadoly Seljuk türkmen döwletiniň taryhynda soltan Rukneddin Masud Gylyç Arslan II 1155-nji ýylda ýogalandan soňra tagta ogly Izzeddin Gylyç Arslan II geçýär.
Gylyç Arslan döwründe döwletiň ykdysadyýeti söwdanyň hasabyna ösüpdir. Awtorlaryň köpüsiniň Seljuklar Kiçi Aziýa bulagaýlyk we betbagtçylyk getirdi diýen pikirleri soňky döwürlerde doly ret edildi. Sebäbi, Seljuklaryň ýerli halk bilen parahatçylykly gatnaşykda bolanlygy barada maglumatlar köp duş gelýär. Döwlet kemala gelenden soňra ýerli halkyň durmuş ýagdaýy gowulaşypdyr. Seljuklar uruşlar alyp barsalar-da içerki döwlet meselelerini çözmekligi ünsden düşürmändirler. Döwletiň içerki syýasaty jemgyýeti ösdürmäge gönükdirilipdir. Munuň şeýledigini biziň günlerimize çenli häzirki Türkiýe döwletiniň çäginde Seljuklar döwrüne degişli saklanyp galan ençeme maddy ýadygärlikler subut edýär. Halkyň saglygyny goramak, durmuş meseleleri, şäherleri abadanlaşdyrmak we ösdürmek, ylym meseleleri Seljuk soltanlarynyň ünsünden düşmändir. Gylyç Arslan II dolandyran döwründen başlap döwleti ählitaraplaýyn ösdürmeklige badalga berlipdir. Döwletiň içerki ykdysady syýasaty ikta bilen bagly bolanlygy üçin oba hojalyk önümleriniň öndürilişi we ondan alynýan girdeji ýokary bolupdyr. W.Gordlewskiniň maglumatlarynda: “Fahreddin atly bir adamyň öz bagyndaky hasyldan 9 müň dirhem alandygy” aýdylýar [2,s.127]. Ýöne uruşlar we howanyň gurak wagtlary harytlaryň gymmaty ýokarlanypdyr. Mysal üçin, bugdaý çöregi şeýle döwürlerde 40 dirheme ýetipdir [2,s.138], bir put üzüm bolsa 10 dirheme satyn alnypdyr. Uruşlardan soň bazarlarda nyrhlar düşüpdir. Meselem, 1 sygyr iki akja, 5 goýun bolsa bir akja satylypdyr [2,s.128].
Gylyç Arslan II döwrüniň pul dolanyşygy hem döwletiň ösüşi bilen ugurdaş bolupdyr diýsek ýalňyşmasak gerek. Çünki, döwletiň ilkinji altyn (dinar) we kümüş (dirhem) teňňeleri Gylyç Arslan II döwründe (1156-1188) zikgelenip başlanypdyr [4,s.235]. Seljuklar döwründe Kiçi Aziýada 45 ýerde zikgehanalar ýerleşipdir. Olar Seljuk soltanlarynyň hususy zikgehanalary, soltanyň döwlet nyşanlaryny basdyrýan zikgehanalary we ýerli welaýatlardaky zikgehanalar bolupdyr. Seljuk hökümdarlarynyň hususy zikgehanalary Konýa, Kaýseri, Siwas, Aksaraý, Ermenek, Tokat, Erzinjan, Malatýa, Dinar, Sandykly, Beýşehir, Baýburt, Hasangazy, Altynhysar, Welweren, Ýabanly we Kümüşhajyköýde ýerleşipdir. Soltanyň döwlet nyşanlaryny basdyrýan zikgehanasy bolsa Tokat, Malatýa, Erzurum we Ankarada ýerleşipdir.
O.Tölewowa, Türkmenistanyň Inzener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary instituty,
S.Ýusupowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe
we sport instituty