AK ŞÄHERIM AŞGABADYŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Häzirki wagtda talyp ýaşlar öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat tehnologik, dizaýnçylyk ylmy barlaglaryny döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny berkitmäge gönükdirýärler. Muňa ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän sergiler, taslama bäsleşikleri özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda ýokary derejede bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de soňky jaň dabarasy baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “AK ŞÄHERIM AŞGABADYŇ WASPY TALYPLARYŇ DÖREDIJILIGINDE” atly baýramçylyk sergisi geçirildi.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň ýüregi Aşgabat günsaýyn ösýär, özgerýär. Ajaýyp mekan bu gün söýginiň, tämizligiň, kämilligiň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrülýär.

Ýokary okuw mekdebiň Ýaş Alymlar geňeşiniň “Ýaş dizaýnçylar” ylmy gurnagynyň işjeň agzalarynyň ýerine ýetiren surat eserlerinde paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga beslenen owadan köçeleri, gözel binalary, ýaşyl baglara, al-elwan güllere çümüp oturan suw çüwdürimli ajaýyp seýilgähleri öz beýanyny tapýar. Şeýle-de “Ýaş dizaýnçylar” ylmy gurnagynyň alyp barýan ylmy barlag işleriniň ylmy-inženerçilik pikirlerini beýan edýän öňdebaryjy tilsimatlar bilen bezelen birnäçe dizaýn taslama işleri hem sergide öz ornuny tapdy.

Bu geçirilen baýramçylyk sergisi Arkadagly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.


  Gülşirin Agaýewa,

“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.