Paýtagt ýurduň ýüregi hasaplanylýar. Şonuň üçin hem oňa bakyp, Diýaryň tutuş sebitlerine seýran eden ýaly bolýarsyň. Çünki ýurduň islendik künjegine barýan ýollar hem merkezden gözbaş alýar. Watanyň ähli künjeginde ýaşaýan raýatlaryň bagtyýar ykbaly, röwşen geljegi hakyndaky aladalar paýtagtdan başlaýar we şol ýerde çözülýär. Diýmek, ýurduň baş şäheri bolan paýtagt diňe bir şäherlileriň däl-de, tutuş milletiň hem bagtdan paýlylygydyr.
Ak mermerden ajaýyp binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan paýtagt şäherimiz Aşgabady görmäge göz gerek. Owadan hem abadan ýaşaýyş ynsan ömrüne ömür goşýar. Ak şäherde bolsa ýaşamak, okamak, döretmek,zähmet çekmek, dynç almak üçin ähli şertler bar.Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähler, ýollar, sport toplumlary, saglyk merkezleri — bularyň ählisi aşgabatlylaryň döwrebap ýaşaýşyny üpjün edýär. Bu gün Aşgabat hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem dünýä tanalýar. Paýtagt şäherde dünýä döwletleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyklar, halkara maslahatlar, forumlar, sergiler, festiwallar bilen birlikde iri halkara sport çäreleri, dünýä çempionatlary, sport bäsleşikleri hem yzygiderli geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň nurly geljeginiň şanyna bitirilýän tutumly işleriň düzüminde halkymyzyň medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän seýilgähleriň aýratyn ornunyň bardygyny gözel Aşgabadyň gül bakjalyga beslenip oturan ajaýyp keşbinden aýdyň görmek bolýar. Kalbymyza mukam bolup dolýan eziz paýtagtymyzyň tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler tutýar.
Töweregine özboluşly gözellik berip, gezelenç etmegiň üýtgeşik lezzetini duýmaga mümkinçilik berýän, jana melhem täsin howasy, sergin saýaly baglary, hoş owazly suw çüwdürimleri bilen göwnüňi göterýän ol gülzarlyklarda halkymyz ýylyň ähli paslynda hezil edip dynç alýar.
Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, esasy syýasy, ykdysady we işewürligiň halkara merkezine öwrüldi.Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygyny emele getirýän Aşgabat myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň paýtagtynda giň gerimli işler amala aşyrylýar we mähriban Diýarymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkez hökmünde Aşgabat şäheriniň orny has-da ýokarlanýar. Ak şäherimiz Aşgabat halkara işewürliginiň, daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky her bir gurluşyk taslamasynyň binagärlik aýratynlyklarynyň milli däplerimiz bilen
utgaşdyrylyp gurulmagy ugrunda uly tagallalar edýär. Aşgabadyň binagärlik taýdan köpugurly ösüşi şäheriň amatlylyk we ekologiýa babatda wajyp ähmiýete eýedir.Aýratynda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, häzirki zaman desgalarynyň ýerleşdirilişinde, ýollaryň we inženerçilik ulgamlarynyň çekilmeginde täzeçilçemeleşmeler,dünýäniň öňdebaryjy tejribesigiňden ulanylýar.Şeýle bolan soň ak mermerli şäherimizde gurluşyk tejribeleri bilen häzirki zaman binagärlik sazlaşygy üpjün edilýär.Arkadagly Serdarymyz bedew batly ösýän Türkmenistanyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegine ýokary ähmiýet berip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzümini kämilleşdirmegi amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlaryň biri hökmünde dowam edýär. Şeýle hem raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary we göwnejaý dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegini dowam etmegi öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz: «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýmek bilen, ajaýyp şäherimizi ösdürmegiň täze geljegine ýokary ähmiýet berýär.
Goý, döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz iş alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başlary aman bolsun, Aşgabat şäherimiziň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirilen giň göwrümli belent maksatly işleri rowaçlyklara beslensin!
Nurşat ANNAÝEWA, Mehanika-tehnologik fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.