Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda institutyň ilkinji Zenanlar guramasy Aşgabat şäher Büzmeýin etrap Zenanlar guramasy bilen bilelikde Büzmeýin etrap polisiýasynyň, saglyk öýüniň wekilleriniň şeýle hem ýaşuly eneleriň gatnaşmaklarynda institutyň talyp gelin-gyzlary we halypa zenan mugallymlary bilen “Ahlaklylyk - maşgala bagtynyň gözbaşydyr” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdiler.
Çärede çykyş eden myhmanlar, zenan mukaddesligi, milliligimizi kämilleşdirmek, ýaş gelin-gyzlarymyzda türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini has-da berkitmek, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň zenanlara bolan belent sarpasy, milliliklerimize goýýan gadyr-gymmaty, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gyzyldan gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik we millilik ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň bermek bilen ýaş talyp gelin-gyzlara degerli maslahatlary berdiler.
Wagyz-nesihat çäresi özüniň täsirliligi bilen baý many mazmuna eýe boldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap çäräni jemlediler.
Gülşirin Abaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy