Berkarar dӧwletiiň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy uly ӧsüşleri başdan geçirýär. Dӧwrebap bilim ulgamynyň dӧredilmegi bilen, ýaş nesilleriň bilim derejesi artdy. Ýaşlara dӧwrebap bilim bermekde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem jana aýamazakly zähmet çekýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda 5-nji maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda 134-nji okuw otagynda mugallym Ogulbaýram Hatjyýewanyň «Ýokary matematika ders» sapagy boýunça açyk sapak geçirildi. «Üçgat integral we onuň hasaplanyşy» atly açyk sapagyna Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Açyk sapaga gatnaşanlar mugallymyň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary bilen tanyşdylar. Şonuň ýaly-da, olar sapakda ulanylan usullar barada özara pikir alyşdylar. Üçgat integral we onuň hasaplanyşy bilen baglanşykly düşünjeler örän sada we ýönekeý dilde düşündirilmegi, ähli gatnaşyjylaryň göwnünden turdy. Açyk sapaga synçy hökmünde mugallymlar Ýokary matematika kafedrasynyň müdiri Geldiýew B.A; okuw bölüminiň hünärmeni Öwelekowa K.K; Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Akynyýazowa Şirin dagylar gatnaşdylar. Sapagyň jemleyji bölegi, geçilen tema boýunça soraglara jogap bermek, goşmaça ýumuşlary tabşyrmak boldy. Geçirilen açyk sapagyň esasy maksady, zehinli ýaşlary taýýarlamakdan, olary matematika dersine höweslendirmekden we Türkmenistan döwletimize gerekli, ilhalar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda netijeli işler alnyp barylýar.
Talyp ýaşlara bilim bermekde ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän, şeýle hem şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýan mugallymlaryň arasynda yokary okuw mekdebiň "Ýokary matematika" kafedrasynyň mugallymy Ogulbaýram Hatjyýewanyň ady buýsanç bilen tutulýar. Ogulbaýram Hatjyýewa öz mugallymçylyk karýerasynda onlarça ökde hasapçylary hem-de matematikçylary ýetişdirdi we şu günki günde ýetişdirmäge dowam edýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň ýokary okuw jaýymyzda «Aýyň fakulteti», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly bilim bahalandyryş bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. 2022-2023-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň aprel aýynda ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň alyp barýan işlerinde ýokary netijeleri görkezip, «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly hormatly atlara mynasyp boldular. Ýeri gelende bellesem, Aprel aýynda «Ýokary matematika» kafedrasynyň mugallymy Ogulbaýram Hatjyýewa «Aýyň mugallymy» adyna mynasyp boldy. Ol okuw sapaklaryny talaba laýyk alyp barmakda, şeýle-de jemgyýetçilik işlerine we teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda çykyşlary ýerine ýetirmekde alyp baran işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalar bilen kesgitlenildi.
Şeýle bagtyýar zamanada, ýaşlara bildirilýän uly ynamyň ýyly bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda okatmaga, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şirin AKYNYÝAZOWA,
Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.