Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “AI_HACK” atly hakaton bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kommunikasiýany gowulandyrmakda emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak” atly hakaton bäsleşigini geçirýär.
Hakaton bäsleşiginiň temasy: Kommunikasiýany gowulandyrmakda emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak üçin programma üpjünçiligini döretmek.
Gatnaşyjylaryň döreden programma üpjünçiligi aşakdakylary ýerine ýetirmelidir:
-giriş resminamalary okamak;
-okalan maglumatlary tertipleşdirmek;
-nusga (şablon) resminamalary seljermek;
-nusga resminamalaryny tabşyrylan ýumuşa laýyklykda doldyrmak we aýratynlykda ýatda saklamak;
-resminamalary çap etmek.
Hakaton bäsleşigi toparlaýyn we ýekelikde hem geçirilip bilner. Topar 5 adamdan ybarat bolup, her toparyň öz toparbaşysy bolmaly. Her ýokary okuw mekdebinden diňe 1 topar gatnaşyp biler.
Gatnaşyjylar gönümel ýa-da uzakdan gatnaşyp bilerler. Uzak aralykdan gatnaşýan toparlar öz programmalaryny we olary ulanmak üçin ädimleýin görkezmelerini ugratmaly bolarlar (munuň üçin bulut tehnologiýalary, Google Disk we ş.m. peýdalanylmaly). Olaryň programmalary eminler toparynyň ädimleýin görkezmelerine laýyklykda synag kompýuterlerinde işe goýberiler.
Bäsleşigiň ýeňijileri eminleriň goýan ballaryny jemlemegiň esasynda olaryň köplügi boýunça kesgitlenilýär. Hakaton bäsleşiginiň netijesi boýunça toparlaýyn görnüşde 1 sany Baş baýrak, 2 sany I orun, 3 sany II orun, 4 sany III orun berilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlar bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin tel:
+99365031565
+99363531110
E-mail:wkowsyyev@gmail.com