Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy
22 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir pudagynda uly üstünlikler gazanylýar we özgertmeler amala aşyrylýar. Ynha ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriler. Onda ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri hem-de öňde goýlan maksatlar, wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Halk maslahtynyň mejlisiniň geçirilmegi milletimiziň agzybirliginden, jemgyýetimiziň jebisliginden hem-de ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Ýe-nede 2026-njy ýyl – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany ýylynda Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak 3 sany möhüm sammiti bellemek gerek. Hususan-da 7-9-njy okýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbeýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň ýaly iri halkara maslahatlaryň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyny, bu ugurda dünýä tejribesini toplandygyny görkezýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygider ýokarlandyrylýar. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman ýollar, köpriler, ýerasty geçelgeler, awtomenziller gurulyp ulanmaga berilýär. Ýörite jemgyýetçilik ulaglary satyn alynyp, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Elbetde ýollaryň, köprileriň, awtomenzilleriň gurulmagy halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerinde ilkinji zerurlyklaryň biri bolup, ol uzak aralygy ýakynlaşdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berlen Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasyndaky ýolagçy gatnawlarynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna getirdi. Döwür ösýär, özgerýär. Ýollaryň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigine, günüň dowamynda yzygiderli, üznüksiz wideogözegçilikleriň edilýandigine, tehniki howpsuzlyk, ýolagçylar we sürüjiler üçin howpsuzlyk çäreleriň bardygyna we edilýandigine garamazdan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny ýerine ýetirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Biziň her birimiz günümizi ýola çykmakdan başlaýarys: kimse işe, kimse okuwa, kimse bolsa alada bilen ýakynlarymyzyň ýanyna howlukýarys. Ýol — bu biziň gündelik durmuşymyzyň özen damary, jemgyýetimiziň medeniýetiniň we özara hormatynyň aýnasy. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diňe bir kadalary gaýtalamak däl, eýsem her bir adamyň ömrüni, öýüniň rahatlygyny goramagyň näderejede möhümdigini ýene bir gezek ýatlatmakdan ybaratdyr. Ýol adama uly mümkinçilikler we ýeňillikler berýär, ýöne şol bir wagtyň özünde uly jogapkärçiligi hem talap edýär. Adamzаt taryhynda ýollar elmydama ösüşiň, parahatçylygyň we birleşmegiň nyşany bolup gelipdir. Ýollarda biz wagtymyzy hem-de ömrümizi geçirýäris. Ýola çykan badymyza biz diňe öz ömrümiz üçin däl, eýsem daş-töweregimizdäki müňlerçe adamyň — pyýadalaryň, beýleki sürüjileriň, çagalaryň ömri üçin hem göni jogapkärçilik çekýäris. Ulagy nähili sürýändigimiz, ýol belgilerine we pyýada geçelgelerine nähili garaýandygymyz biziň jemgyýetdäki medeniýetimizi we beýleki adamlara bolan hormatymyzy görkezýär. Her bir öýüň rahatlygy, maşgalanyň agzybirligi agşamyň parahat geçmegine bagly. Ýoldaky bir säwlik bolsa bu rahatlygy bir pursatda bozup biler. Ýolda maşynyň rulynda ýa-da pyýada barýarkaňyz telefona seretmek ýa-da ünsi sowmak bir sekuntyň içinde yza öwrüp, dikeldip bolmajak ýalňyşlyga getirýär. Howpsuzlyk diňe sürüjä bagly däl. Pyýadalar hem geçelgelerden dogry geçmeli. Biziň halkymyzda ýol hem-de ýola ugramak bilen bagly örän çuňňur manyly däp-dessurlarymyz bar. Halkymyz ýola çykýan adama elmydama ak ýol, parahatçylyk we sag-aman gowuşmak dileýär. Ak ýol diňe bir päk niýet däl, eýsem howpsuz ýoldur. Ýol hereketiniň howpsuzlygy bu diňe bir kanun ýa-da düzgün däl, bu ömre, saglyga bolan söýgi, maşgala bolan hormat we jemgyýete bolan jogapkärçilikdir. Geliň, her birimiz ýola çykanymyzda sabyrlylygy, medeniýeti we seresaplylygy özümize hemra edeliň! Ýollarymyz elmydama parahat, ak we howpsuz bolsun! Ýolagçylaryň ýollarynyň ak bolmagyny, sagaman barmaklaryny arzuw edýäris! “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäräreleriň netijeli bolmagyny, 2026-2027-nji okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw edýäris. Ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýaryn! Pursatdan peýdalanyp Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!Baýramgül Kulyýewa., Institutyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy