Täze bilim ulgamynyň belentlikleri geljegiň ýoludyr.

85 2026-2027-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabr güni ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem säher bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni dabara şatlyk-şowhuna beslendi.
Ýurdymyzyň ýokary okuw jaýlarynda döwrebap maglumat serişdeleri sanly okuw platformalar ýaşlara diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň öňdebarjy tejiribelerine laýyk derejede ösüşe ýetmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Bilim ulgamynyň üstünlikleri diňebir ýurduň ösüşinde däl, eýsem onuň halkara derejesindäki dabaralaryň ýokarlanmagynda hem uly ähmiýete eýedir. Bilimli başarnikli we döwrebap pikirlenýän ýaş nesil-her bir döwlet üçin iň gymmatly baýlykdyr.
Şeýlelikde 1-nji sentýabr-Bilimler we talyp ýaşlar güni diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagy däl, eýsem täze maksatlaryň beýik arzuwlaryň, ýokary sepgitleriň ýoly bilen täze döwrüň gapysynyň açylmagydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym we bilim ösüşiniň esasy sütüni höküminde kesgitleýär. Ol ýaşlaryň kämil bolmagy barada: Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesiliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanşyklydyr” diýip belleýär.
Häzirki ajaýyp döwürmizde ussat, başarjaň, ýokary taýýarykly, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň tagallalary bilen ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýä garaşlary bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdymyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýs meselelerden ugur alyndy.
Dünýä ylymynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçiligi, bilime ýokary depginde ornaşdyrylýar.
Ylmyň we bilimiň ösüşleriň bynýadydygy, geljegiň röwşen ýoludygy ykyrar edilen hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek, olary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri höküminde kesgitlendi. Pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, kämilleşip bilim öwrenmek, kitap okamak mukaddas hasaplanýar.
Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýydýar. Biz kitabiň üsti bilen, halkymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döründe gazanylan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri giň okaýjylar köpjüligini, sol sanda Watanmyzyň hem-de halkymyzyň geljegi bolan ýaşlary begendirýär, kalplarynda bolsa, ýurdymyza we abadan durmuşymyza, bagtyýar ýaşlarymyza bolan söýgi döredýär.
Häzirki wagtda Berkarar döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdymyzda ýaş nesilleriniň ylymly bilimli, sagdyn, ruhybelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babada döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyrjy netijeleridir.

“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy O.Tölewowa.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20