Institutymyzyň talyplary iki dilde gürleşip bilýän robot taýýarladylar
3663 Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dowam edýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary öz taýýarlan robotlaryny görkezdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.Ýokary okuw mekdebiniň 2-nji hem-de 4-nji ýyl talyplary Resul Nurmämmedow bilen Orazsähet Atamyradow 2 dilde, ýagny rus hem-de iňlis dillerinde gürleýän we çäkli sowal-jogap alyşmaga mümkinçiligi bolan robot oýlap tapypdyrlar. El telefonyna birikdirilen «Python» programmirleme dilinde ýazylan bu robot batareýa arkaly işleýär. Ol gürlemäge, ýöremäge we kellesini ses gelýän tarapa öwürmäge, ellerini hereketlendirmäge ukyply.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Daşkent binagärlik-gurluşyk uniwersiteti, Tatarystan Respublikasynyň A.N.Tupolýew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersiteti, Astrahan şäheriniň general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar instituty, Sanweý uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama esasynda birnäçe ylmy-amaly maslahatlary, okuw saparlaryny guraýar.
Serginiň dowamynda bilim ojagy bilen Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy bu sanawyň üstüni ýetirdi.