2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kommunikasiýany gowulandyrmakda emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak” Hakaton bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiziň ýokary hünär bilimli edaralarynda ylmy barlaglarlaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy , sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňeltmek şeýle hem bilim edaralarynda, husuusan-da ýokary hünär bilimi edaraalarynda talyp ýaşlaryň ykup-başarnyklaryny açmak , olaryň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak işläp taýýarlamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Kommunikasiýany gowulandyrmakda emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak”” atly Hakaton bäsleşigini geçirmek boýunça şu düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
1.Umumy düzgünnler
1.1 Düzgünnama “Kommunikasiýany gowulandyrmakda emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak” atly Hakaton bäleşiginiň maksadyny ony gurnamagynyň we geirmeginiň düzgünlerini kadalaşdyryjy resminamadyr.
1.2 Hakaton döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty gurnaýar.
1.3 Hakaton talyplaryň we ýaş alymlaryň, innowasiýa taslamalaryna ylmyň, önümçilik kärhanalarynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hünärmenleriniň ünsüni çekmäge ýardam eder.
1.4 Hakaton tebigy takyk ylymlaryň çygrynda täze taglym-niýetleriň (ideýalaryň) döremegine we olaryň durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdançadyr. Hakatonyň aýratynlygy ol dürli kärlerdäki, dürli hünärli. Dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, hödürlenýän meseläni çözmek boýunça adaty bolmadyk täsin çözgütleri tapmaga ýardam eder.
2. Hakatonyň esasy maksady
2.1 Ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmäge, dürli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini hem-de emeli aňyň önümlerini döretmäge höwesini we ylmy döredijilik ukyplaryny artdyrmak;
2.2 Ýaşlara dürli programma üpjünçiligi önümlerini, taslama - konstruktorçylyk we dizaýnerçilik pikirlerini döretmek hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça dürli kärdäki dürli hünärli talyplaryň topary bolup bilelikde işlemekligi öwretmek.
2.3 Ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.
2.4 Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň mundan beýläk intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.
4. Hakatona gatnaşmagyň tertibi
4.1 Hakaton bäsleşige inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän dizaýn konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşyp biler. Topara gatnaşýanlaryň sany 3 - den köp bolmaly däl.
4.2 Hakaton bäsleşigine her ýokary okuw mekdebinden 2 topar gatnaşyp biler. Ýöne bir topara gatnaşýan talyp ikinji topara gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
4.3 Toparlar berlen ýumuşlary ýerine ýetrimegi üçin gerek boljak programma üpjünçiligi bolan kompýuterlaryny we beýleki tehniki serişdelerini öz ýäny bilen 2025-nji ýylyň 24-ni oktýabrynda sagat 08:00 da getirmeli.
4.4 Hakaton bäleşige gatnaşmaga isleg bildirýän toparlar tituki.hakaton.2024@gmail.com poçta salgysynda hasaba alynýar. Gatnaşyjylar we toparlar 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabryna sagat 00:00 çenli hasaba alynýar. Hakaton 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne sagat 09:00 başlaýar we 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne sagat 17:00 - da tamamalanýar.
4.5 Gatnaşyjynyň hasaba alynandygy baradaky maglumat hasaba alynmaga ýüz tutan tarapa ugradylýar.
4.6 Hakatona online görnüşde gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.
5. Hakaton bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi
Bäsleşigiň ýeňijileri eminleriň goýan ballaryny jemlemegiň esasynda olaryň köplügi boýunça kesgitlenilýär. Hakatonyň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde 1sany Baş baýrak, 2 sany I orun, 3 sany II orun, 4 sany III orun berilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlar bilen sylaglanýar.
Hakaton bäsleşigine gatnaşyjynyň berlen bahadan nägile bolan ýagdaýynda garaşsyz bilermenleriň gatnaşmagynda arz-şikaýat topar döredilýär. Topar agzalary seljerip, degişli çözgüdi çykarýarlar, eger berlen baha hakykatdan-da nädogry bolsa, eminler toparynyň goýan bahasyny üýtgetmegi teklip edýärler, şeýle ýagdaýda çözüw ses bermek arkaly amala aşyrylýar, bahanyň üýtgedilmegi barada beýan ýazylýar. Beýana arz-şikaýat toparynyň we eminler toparynyň ähli agzalary gol çekýärler. Toparyň çözgüdi täzeden seredilmeýär.