“TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK SYÝASATY WE ULAG DIPLOMATIÝASY”
723 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy ýokary derejede bellenip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK SYÝASATY WE ULAG DIPLOMATIÝASY” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Ylmy-amaly maslahatda institutyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Halkara Bitaraplyk güni baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Gülşirin Agaýewa.,Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy