TARYHYŇ ÝAGTY SAHYPALARY.

272 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oktýabr aýynyň 3-ne Türkmenbaşy şaherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1936-njy ýylda Krasnowodsk häzirki Türkmenbaşy-Moskwa taýmylly ýüzüşiň tamamlanyna 89 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, halypa mugallymlar we Türkmenbaşy şäheriniň jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar we bu çärä taýmylly ýüzüşe gatnaşan türkmen taýmylçylarynyň nebereleri hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Dabaraly çäräniň moderatory Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy Gyzylgül Gurbanowa söz berildi we ol öz çykyşynda taryhyň ýagty sahypalarynda galan, owazy äleme dolan, gaýduwsyz türkmen taýmylçylaryň geçen şöhratly ýoly hakynda başdan aýak beýan edip, gürrüň berdi.
Bu taryhy waka öňki bütin Sowet soýuzyna belli bolup, soňlugy bilen kem-kemden ýatdan çykyp galdy. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alanyndan soň, diňe Arkadag eýýamynda üsti açylyp, külli türkmen iline ýaýrady, aýratyn-da kenarýakada ýaşaýan ildeşlerimizi, deňiz ulagy pudagynda zähmet çekýän deňizçilerimizi çäksiz begendirdi we buýsandyrdy. Nesip bolsa, 2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda taýmylly ýüzüşiň tamamlanyna 89 ýyl dolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň içi hazynadan doly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ensiklopedik kitabynda: “Şu ýerde geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda türkmen taýmylçylarynyň Moskwa ýüzüşini amala aşyrandyklaryny hem bellemek isleýärin”(221-sah.) diýip, aýratyn belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyz geçen döwürlerde geçmişde ýatdan çykyp galan şahsyýetlerimizi ýüze çykarmak baradaky berýän tabşyryklary üstünlikli berjaý edilýän döwürde gaýduwsyz türkmen taýmylçylary hem ýatlanylmaga mynasypdyr.
Dabara gatnaşan taýmylçy Sary Orazowyň gyzlary: Käbe daýza, Täşşan daýza taýmylly ýüzüş barada täsirli gyzykly gürrüňleri berdiler. Talyp ýaşlar bu geň galdyryjy, görülip eşidilmedik taýmylly ýüzüş baradaky taryhy ýatlamalar olarda uly täsir galdyrydy we özleriniň gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler we anyk jogap bilen kanagatlandylar.
G.Gurbanowa sözüniň ahyrynda talyp ýaşlara edil şol gaýduwsyz taýmylçylar ýaly Watana şöhrat getirjek adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi we taryhymyzy mirasymyzy galdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyp sözüni jemledi.
Bu dabaraly çäräniň dowamy mukaddes muzeýde talyplary 1936-njy ýyllaryň jümmüşine alyp gidýän gezelenç bilen utgaşdy. Kalby buýsançdan doly talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin tükeniksiz alkyşlar bilen, bu dabaraly çäre tamamlandy.

Ýunus Şanyýazow, Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20