Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Halkara Açyk Internet olimpiadasyny geçirýär. 

Senesi: 04.11.2023 ý.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Halkara Açyk Internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça

 DÜZGÜNNAMA

 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” şeýle hem “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Halkara Açyk Internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

1. Umumy düzgünler

Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Halkara Açyk Internet olimpiadasyny (mundan beýläkInternet-olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Internet-olimpiadanyň esasy maksady: 

- talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;

- tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek;

- ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.

Internet-olimpiadanyň wezipeleri:

häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek;

- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek;

- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.

2. Internet-olimpiadasynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

2.1. Internet-olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

 2.2. Guramaçylyk topary: 

- Internet-olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony  guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

- Internet-olimpiadasyny geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;

- Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;

- Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arza-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.

3. Talyplaryň Internet-olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1. Internet-olimpiada umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumlarynyň “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça test we ýumuş işlemek görnüşinde (On-line tertibinde) geçirilýär.

3.2. Internet-olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň pudak tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.

3.3. Internet-olimpiadasynyň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.

3.4. Internet-olimpiada öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen 5 sany talyp gatnaşyp biler.

3.5. Internet olimpiada 2023-nji ýylyň maý aýynyň 19-yna, Aşgabat wagty bilen sagat 1000-da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda https://tituki.edu.tm/ web saýtyna girip, degişli LOGIN we PAROL bilen öz şahsy sahypasyna girmeli. Soňra 50 sany test soraglaryna 60 minudyň dowamynda jogap bermeli we 10 sany ýumşy 120 minudyň dowamynda ýerine ýetirip, jogabyny girizmeli.

Olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň, ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 20 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumuşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumuşyň nomerini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde, TDS-nyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Test soraglarynyň her biri üçin 1 (bir) bal berilýär. Ýumuşlaryň her bir dogry jogaby üçin 5 (bäş) bal berilýär. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary optimal (gysga we çalt) usulda çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär.

3.6. Internet-olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirilýär.

3.7. Internet-olimpiadasynyň Eminler toparyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýär hem-de olimpiadanyň ýeňijilige dalaşgärlerini anyklaýar. Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory tarapyndan tassyklanýar.

3.8. Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr.

3.9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir.


4. Internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

4.1. “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.

4.2. Internet-olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

4.3. Internet-olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.