“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşigi geçirildi

5620 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim, ylym ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça täze startaplara (Startup) badalga bermek, şeýle hem innowasiýa täjirçilik ýumuşlaryny çözmek üçin bilimlerini, başarnyklaryny, logiki pikir ýöretme we telekeçilik
endiklerini döredijilikli ulanmaklaryny goldamak maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşigi geçirildi. Taslama bäsleşigine ýaş hünärmenler, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Taslama bäsleşigine gatnaşýan ýaşlar öz aralarynda ýedi ugur boýunça, ýagny Emeli aň, Robotehnika we awtomatizasiýa, Akylly oba hojalyk tehnologiýalary, Akylly şäher, Bilim we elektron okuwy, Sanly lukmançylyk, Hyzmatlar ulgamy boýunça bäsleşdiler. 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda taslama bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän ýaşlara sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Atdaýew Ýazmyrat “Arkadag mobil programmasy” atly taslamasy bilen 200-den gowrak gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy.
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Atdaýew Ýazmyrat “Arkadag mobil programmasy” atly taslamasyna Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhananyň ykdysadyýeti” kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Myradow Ýusup Hanmyradowiç ýolbaşçylyk etdi. Talyplarymyzyň we mugallymlarymyzyň bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bize okamaga, işlemäge we döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Selbi Ýusupowa Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20