Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar atly ylmy maslahat

921 Türkmenistanyň söwda senagaty edarasynda 10-12-nji oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe” halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Sergi örän guramaçylykly dowam etdirildi. Sergä biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlary örän işjeň gatnaşdylar. Institutymyzyň pawilýony hem özüniň owadanlygy maglumatlara baýlygy bilen sergä gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.
11-nji oktýabrda bolsa Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde “Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatyň “Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar” atly bölümi öz işini dowam etdirdi.
Maslahat dünýäniň birnäçe döwletleriniň bilim işgärleri professorlary gatnaşdylar. Bular bilen bir hatarda institutymyzyň halypa mugallymlary, mugallymlary hem öz tezisleri bilen çykyş etdiler. Her çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, ylmy işlere ünslerini çekmek we okatmagyň dürli usullary barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülşirin Agaýewa, Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20