BEDEW ATLARYMYZYŇ ŞAN-ŞÖHRATYNYŇ DABARALANMAGY

800 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýokary derejede bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda “BEHIŞDI BEDEWLER BILEN AK ÝOLLARA UZAÝANDYR WATANYMYZ, BAGTYÝAR EÝÝAMYŇ ÜÇIN ALKYŞ SIZE GAHRYMAN ARKADAGYMYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Dabaraly duşuşykda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň at gazanan atşynaslarynyň, belli çapyksuwarlaryň, şeýle hem institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň dowamynda taplanyp, sünnälenen milli atşynaslyk sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, türkmen atçylyk sportunyň halkara derejesinde ösdürilmegi, arassa ganly tohum atlarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Many-mazmunly çykyşlarda Ahal teke atlarynyň biziň günlerimize çenli öz arassa tohumlylygyny, sap ganlylygyny, owadan sypatyny, ýokary çapuw häsiýetlerini saklap gelmeginde biziň irki döwürlerde ýaşap geçen meşhur seýislerimiziň goşandynyň uludygy, ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip dünýä gymmatlyklarynyň hataryna, iň bir kämil nusgada goşan ahal teke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň bir sungatdygy, şeýle hem geçmişde ahalteke atlarynyň asyrlar boýy kämilleşip gelmegine uly ýardam eden türkmen seýisçilik sungatynyň şu günki günde öwrenmäge döwrebap mesele bolup durýandygy barasynda aýratyn nygtaldy.
Dabaraly duşuşygyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň türkmen bedewleri barasynda ýerine ýetiren aýdymdyr-şygyrlarynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzyň geljege rowan ösüşleri has-da dabaralandy. Institutyň binasynyň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, amaly-haşam sungatynda bedewiň beýany bilen baglanyşykly gymmatlyklar ýerleşdirilen sergi dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Bu geçirilen dabaraly duşuşyk, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20