GÖZELLIGIŇ GÖWHER GAŞY – AŞGABAT
147 Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda “GÖZELLIGIŇ PAÝTAGTY SEN, AŞGABAT!” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarynyň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan ak şäherimiz Aşgabadyň toplumlaýyn ösüşleri, onuň täsin binagärlik keşbi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen paýtagtymyzyň elwan güllere beslenişi, müň dürli öwüşgin atýan owadan gijeleri ynsan kalbyny gözellige besleýär. Ak mermerden binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan gözel Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Gözel görkli ak şäher beýik binalary, owadan seýilgähleri, giň we ýagty şaýollary, al-elwan gülleri, gür baglary bilen göreni haýrana goýýar.
Gözelligiň göwher gaşyna, Aziýanyň merjenine deňelýän mähriban paýtagtymyz Aşgabat bu gün diňe dünýäniň ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň arasyndaky ornuny pugtalandyrman, eýsem Ýer ýüzüniň ekologiýa taýdan iň arassa şäherleriniň birine hem öwrülýär. Aşgabadyň şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda döredilen ýaşyl zolaklaryň, gür bagly seýilgähleriň gök öwsüp oturmagy şäherimizde arassa howa gurşawynyň döredilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär
Dabaraly maslahatyň çäginde guralan sergide ýokary okuw mekdebiň Ýaş alymlar geňeşiniň “Ýaş dizaýnçylar” ylmy gurnagynyň işjeň agzalarynyň ýerine ýetiren surat eserlerinde paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga beslenen owadan köçeleri, gözel binalary, ýaşyl baglara, al-elwan güllere çümüp oturan suw çüwdürimli ajaýyp seýilgähleri öz beýanyny tapýar. Şeýle-de “Ýaş dizaýnçylar” ylmy gurnagynyň alyp barýan ylmy barlag işleriniň ylmy-inženerçilik pikirlerini beýan edýän öňdebaryjy tilsimatlar bilen bezelen birnäçe dizaýn taslama işleri hem sergide öz ornuny tapdy.
Institutyň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr-tanslary bilen joş alan dabaraly maslahat, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.