BILIM ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE SANLY ULGAMYŇ ÄHMIÝETI
55 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär we pugtalandyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň-gerimi maksatnamalar durmuşa geçirlýär.Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek barada Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary esasanda, amala aşyrylýan işler sanly tehnologiýalar we sanly tehnikalar barada bilimlerimiziň artdyrylmagyna, gözýetimimiziň we dünýägaraýşymyzyň has-da giňelmegine mümkinçilik döreýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeler halkymyzyň bähbidine, ata watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ýurdumyzda bilim bermegiň ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, onuň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklamak hakynda karar kabul edildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden sanly serişdeleri giňden ulanyp, berilýän bilimiň mazmunyny, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgam barha rowaçlanýar. Şol sanda ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde uzak aralykdan aralaşmak üçin saýtlar, portallar döredilýär. Olardan peýdalanyp talyp ýaşlar gündelik nazary we tejribe sapaklarynda alýan bilim maglumatlarynyň üstüni özbaşdak doldurmaga, sapakdan daşary, öz gyzyklanmalary boýunça maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. Bu saýtlar we torlar beýleki daşary ýurt okuw mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly birikmäge, özara okuw sapaklaryny we ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik berýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň barşynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Bu bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo–audio materiallar, interaktiw–multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Häzirki wagtda bilim ulgamynda hem döwrebap usullar ornaşdyrylyp, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, olaryň sanly tehnologiýalara düşünmeklerini gazanmak möhüm ugurlaryň biridir. Ýaş hünärmenleriň ylym-bilimli, döwrebap tehnologiýalara bolan başarnygy sanly ulgamyň ösdürilmeginde möhüm şert bolup durýar.
Mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň bilimler dünýäsine içgin aralaşmaklary, bilimleri tutanýerli ele almaklary üçin gurlup ulanylmaga berilýän täze bilim ojaklarynyň häzirki zaman multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda öňde goýlan asylly maksada ýetmäge oňyn ýardam edýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar we amal edilýän işler mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, päk ahlakly, beden we ruhy taýdan ösen ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär.
Häzirki wagtda bilim bermek işine okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullaryny, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň tehniki ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanmak başarnygyny, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly körpeleriň sagdyn ösmeklerini we mekdebe taýýarlykly barmaklaryny gazanmak, ýaşlary ylmy-gözleg, döredijilik işlerini ugrukdyrmak babatda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ogulbagt Tölewowa., Jemgiýetçiýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy