“AK ŞÄHERIM AŞGABAT!” ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI

256 2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat!” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Ylmy-döredijilik maslahatynda institutyň ylmy gurnaklaryna gatnaşýan talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren işlerinden düzülen sergisi hem guraldy. Ol ýerde köpçilikleýin habar beriş serişdeleriniň guramagynda telegepleşikleri we birnäçe ylhamly zehinli ýaşlaryň çykyşlary hem ýazgy edildi.
Aşgabat şäheriniň çäklerinde möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Täze ýörelgeler esasynda ýerine ýetirilýän başlangyçlar netijesinde, paýtagtymyz sazlaşykly ösýär. Şeýle hem ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Her ýylda paýtagtymyzda täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary peýda bolýar. Şolar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär. Aşgabat şäherimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş şähergurluşyk maksatnamasy hem innowasiýa çemeleşmeleriň esasynda, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp düzmeleri, iň gowy dünýä tejribesini ulanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. Parasatly pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat sanlyja ýyllaryň içinde dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat gysga wagtyň içinde Aziýa yklymynyň merjen şäheri diýen ada eýe boldy. Gözel paýtagtymyzyň mermer binalarynyň, giň şaýollarynyň, döwrebap seýilgähleriniň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Jennet mekanymyz Aşgabat baýramçylyk günlerinde has-da ajaýyp keşbe eýe bolýar. Mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günlerden özüniň baş baýramyny Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Bu ajaýyp sene mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary we beýleki syýasy ähmiýetli çäreler guralar. Paýtagtymyzda ýerleşýän ajaýyp medeni dynç alyş merkezlerinde, binalarda bolsa her bir baýramçylyk çärelerimizi ýokary derejede geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Halkymyz üçin mukaddes bolan bu baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinden başlap bagtyýar raýatlarymyzyň toýlap, zähmet üstünliklerine besläp gelýändigi hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Goý, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Institutyň Ylym bölümi

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20