"Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy" ady bilen geçirilen tegelek stolgeçirildi
453 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.Şulardan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimizde "Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy" ady bilen many-mazmuna baý bolan tegelek stol gepleşigi Sport teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany maslahata gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.
Baýramgül Kulyýewa
Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy