AT AGYNAN ÝERDE TOÝ BOLAR
3826 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ýurdumyzda toý dabaralar giňden tutulyp, türkmen halkymyzyň baý milli mirasynyň şan-şöhraty dünýä dolýar.Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy. Çäreler Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda we Wenraý şäherinde guraldy. Ol ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Mejlise Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan dünýäde atçylyk däplerini gorap saklamaga we ahalteke atlaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” baýragy we degişli Kubogy gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlanan “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplary bar. Bäsleşigiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda ýazan eserleriniň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanma bolup durýandygyny bellediler.
Bäsleşigiň çäginde Türkmenistanyň dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň täsirli çykyşlary, türkmen medeniýetini we sungatyny görkezýän sergiler hem-de uly konsert maksatnamasy guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna “Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan” atly baýrak gowşuryldy. Şu ýerde 2025-nji ýylda bu toparyň Monte Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyny alandygyny we şu ýylyň başynda Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamanyň gowşurylandygyny bellemek gerek.
2023-nji ýylda “Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu halkara çäre, ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda we türkmen atçylyk sungatyny Ýewropada giňden wagyz etmekde taryhy ädim boldy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ahalteke atlar parahatçylygyň ilçileri hökmünde halklaryň ýurtlaryň arasynda dost-doganlygyň berkidilmegine goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyza Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” baýragyň we degişli Kubogyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bilim işgärleri we talyp ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Toýlar toýa ulaşsyn!
B.Kakabaýewa., Ekologiýa we umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy